ABŞ-nyň Senaty Barak Obamanyň administrasiýasynyň öňki işgäri we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynda ABŞ-nyň wekili 42 ýaşly Raşad Husseýni dini azatlyklar boýunça ilçi edip belledi. Onuň dalaşgärligini parlamentiň ýokarky palatasynyň 90 agzasynyň 85-si goldady. Şeýlelik bilen taryhda ilkinji gezek bu wezipäni bir musulman eýeledi. Raşad Husseýn çuňňur dindar we gurhan hafyzydir.

Dini azatlyk boýunça öňki ilçi Dawid Saperşteýn diňlenişikde oňa ses berdi:

-Husseýn, dini azatlygy üpjün etmek ugrundaky köp ýyllyk göreşine esaslanyp, dürli dine uýýanlaryň arasynda uly ynamdan peýdalanýar – diýip, ol belledi.

Raşad Husseýniň bellenilmegi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dürli dini toparlary tarapyndan ruhubelentlik bilen garşylandy. Oňa Dini azatlyklar boýunça komissiýa, Bütindünýä baptist bileleşigi, Amerikan ýewreý komiteti, iudaizmiň özgertmeleri bileleşigi we köp sanly musulman guramalar tarapyndan gutlaglar gelip gowuşdy.