Kuweýtiň wekili Haýsam al-Gaýs OPEK-iň indiki baş sekretary wezipesine saýlandy. Ol Nebit eksport edýän ýurtlar guramasynda (OPEK) Kuweýt wekiliýetiniň başlygy bolup işläpdi. Bu barada guramanyň sekretariatynyň resmi web sahypasynda mälim edilýär. Al-Gaýsyň dalaşgärligi bileleşigiň saýlawlarynda ýeke-täk boldy. Haýsam al-Gaýs 2017-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli Kuweýt wekiliýetine ýolbaşçylyk edipdi.
Al-Gaýs 2022-nji ýylyň 1-nji awgustynda wezipesine girişer. Häzirki wagtda OPEK-e 2016-njy ýylda saýlanan nigeriýaly Muhammet Barkindo ýolbaşçylyk edip, onuň ikinji üç ýyllyk möhleti 2022-nji ýylyň iýulynda gutarýar.
Guramanyň düzgünnamasyna laýyklykda, baş sekretar üç ýyllyk möhlete saýlanyp, diňe bir gezek gaýtadan saýlanyp bilner. Haýsam al-Gaýs, OPEK-iň 24-nji Baş sekretary bolar.
Liwiýaly Abdullah Salem al-Badri bu wezipäni iň uzak wagtlap (2007-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli) dowam etdirdi, emma guramanyň täze baş sekretar saýlap bilmeýändigi sebäpli onuň ygtyýarlyklary 2016-njy ýyla çenli uzaldylypdy.
OPEK 13 ýurdy öz içine alýar: Alžir, Angola, Wenesuela, Gabon, Yrak, Eýran, Kongo, Kuweýt, Liwiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Nigeriýa, Saud Arabystany, Ekwatorial Gwineýa. Guramanyň ştab-kwartirasy Wenada ýerleşýär.