(8-nji bölüm)
Dowamy.
Şol wagt bir zenan:
-Bize şatlyk we gaýgy-alada barada gürrüň beriň? – diýip, haýyş etdi.
Ol şeýle jogap berdi:
Seniň şatlygyň bu seniň nikapsyz gaýgy-aladaňdyr.
Seniň gülkiň çykýan guýusy köplenç gözýaşlaryň bilen dolydy.
Eýsem, bu başga neneňsi bolup biler?
Gaýgy-alada siziň içiňizi näçeräk köwlän bolsa, şonça-da oňa şatlyk sygyp biler.
Eýsem seniň miwe şireli pyýalaň küýzegäriň küresinde bişirilen pyýala dälmi näme?
Eýsem, seniň ruhuňa aram berýän lýutnýa, içi pyçak bilen gazalan agaç dälmidi?
Şatlanýan wagtyňyz öz kalbyň çuňlugyna nazar aýla, şonda seniň şatlygyň öz gözbaşyny gaýgy-aladaňdan alyp gaýdýandygyna göz ýetirersiň.
Haçan-da, gaýga batanyňyzda ýene-de kalbyňyzyň çuňlugyna garap görüň, şonda hakykatdan hem, bir wagtlar sizi begendiren zat üçin gynanýandygyňyza göz ýetiresiňiz.
Siziň käbirleriňiz: “Şatlyk, gaýgy-gamdan köp” diýip, aýdýar. Beýlekiler bolsa: “Ýok gaýgy-gam köp!” diýýär. Ýöne men saňa olaryň biri-birinden jyda däldigini aýdýaryn.
Olar bilelikde gelýärler, olaryň biri siziň bilen supranyň başynda otyrka, beýlekisiniň düşegiňizde uklap ýatandygyny unutmaň!
Hakykatda, sen edil tereziň jamlary ýaly gaýgydyr şatlygyňyzyň arasynda hallan atýarsyň.
Siz diňe jamlaryňyzyň boş wagty asuda we deňagram haldasyňyz.
Hazynaçy özüniň altyn-kümüşini çekmek üçin sizi eline alan wagty, şatlygyňyz we gaýgyňyz ýa ýokarlanar ýa-da aşak düşer.
(dowamy bar)
Iňlis dilinden terjime eden Ýegenmämmet Taýlyýew.