11-nji ýanwarda Daniel Ortega Nikaraguanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli kasam kabul etdi. Kasam kabul edişlik dabarasy Managua şäherindäki “Özgerişlik” meýdanynda Parlamentiň başlygy Gustawo Porrasyň gatnaşmagynda geçirildi. Dördünji gezek döwlet baştutany saýlanan Ortega, 2027-nji ýyla çenli ýurda ýolbaşçylyk eder.
Daniel Orteganyň aýaly wise-prezident Rosario Murillo hem bäş ýyllyk kasam kabul etdi. Dabara Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro, Kubanyň Prezidenti Migel Diaz Kanel we Gandurasyň Prezidenti Orlando Ernandes, şeýle hem, Hytaý, Eýran we Russiýanyň wekilleri gatnaşdy.
Ortegaň ýolbaşçylygyndaky Sandinista milli azat ediş fronty 2021-nji ýylyň 7-nji noýabrynda geçirilen Prezident saýlawynda ýeňşini yglan etdi. Saýlawlara gatnaşanlaryň sany 65,34 göterim boldy. Ortega sesleriň 74,99 göterimine eýe boldy.