Geçen ýyl awtoulag senagatynda ýüze çyka çip ýetmezçiligi iri kompaniýalaryň awtoulag önümçiliginiň pese gaçmagyna sebäp bolupdy. Lýuks ulaglary öndürmegi bilen tanalýan “Rolls-Royce” bolsa, 2021-nji ýylda rekord derejede ulag satdy. 117 ýyldan bäri awtoulag öndürmek bilen meşgullanýan iňlis brendi geçen ýyl 2020-nji ýyldaka garanyňda 49 göterim köp ulag satdy. 2021-nji ýylda kompaniýa 5 müň 586 sany ulag ýerledi. Bu görkeziji 2020-nji ýyldakydan 1 müň 836 sany köp bolupdyr. Häzirki wagtda kompaniýa jemi 5 model öndürýär. Olaryň bir modeli (“Cullinan”) SUV görnüşlidir. “Ghost” modeli bolsa, iň köp satylýan “Rolls-Royce” modelidir. Geçen ýylyň oktýabr aýynda tanyşdyrylan “Ghost Black Badge” gysga wagtda uly islegden peýdalandy. Kompaniýanyň “Cullinan” we “Phantom” modellerine-de isleg ýokary. Häzirki wagtda kompaniýanyň önümçilik desgalary sargytlary wagtynda ýerine ýetirmek üçin doly güýjünde işleýär.