Beýik Britaniýada Bukingem köşgi Şa zenan Ýelizaweta II ýubileý dabaralarynyň meýilnamasyny mälim etdi. Çünki şu ýyl Şa zenana täç geýdirilmegine 70 ýyl dolýar. Baýramçylyklar diňe ýurduň içinde däl, eýsem, britan milletler arkalaşygyna girýän ýurtlarda hem guralar. Baýramçylyk dabarasynyň çäklerinde Şa zenan özüniň maşgala agzalary bilen at çapyşygyna tomaşa eder. Öňden gelýän däp-dessurlara görä, baýramçylyk 10-njy ýanwarda «Platinum puding» bäsleşigi bilen başlandy. Ähli isleg bildirýänler Şa zenanyň hökümdarlygynyň hormatyna dürli tagamlary bişirmäge we näzi-nygmatlary taýýarlamaga çagyryldy. Şeýle hem maksatnama dürli çäreleri – harby ýörişleri, zyýapatlary we teatr çykyşlaryny öz içine alýar. Ýubileýiň soňky günleri 2-5-nji iýun aralygynda 4 günlük dynç alyş bilen tamamlanar. Ýelizaweta II 1952-nji ýylda tagta çykyp, uzak ýyllap höküm süren ilkinji britan monarhy boldy. 6-njy fewralda onuň tagta çykanyna 70 ýyl dolýar. Şa zenan Wiktoriýa (1819-1901) bolsa 63 ýyl höküm sürdi. Ýewropaly hökümdarlaryň arasynda Lýudowik XIV (1638-1715) has ýokary rekord eýesi bolmagynda galýar. Ol bäş ýaşynda tagta çykyp, 72 ýyl Korol boldy.