«Triple» töleg platformasynyň habaryna görä, Marokkoda kriptowalýuta bolan gyzyklanma artýar. Ýurtda 900 müňden gowrak adam ýa-da ilatyň 2,5 göterimi kriptowalýuta eýedir. 2021-nji ýylda Marokkoda kriptowalýuta söwdasy 6 million dollara ýetdi. Şeýlelikde, bu ýurt Afrika yklymynda Nigeriýadan, Günorta Afrikadan we Keniýadan soň dördünji uly kriptowalýuta söwdasyna eýe boldy. Umuman, dünýäde soňky döwürde kriptowalýuta ulgamy has-da kämilleşýär. Blokçeýniň işlenip düzülmegi we internetiň üsti bilen amala aşyrylýan söwdanyň ösmegi, kriptowalýuta döretmäge mümkinçilik berdi. Kriptowalýutanyň iň meşhury «Bitcoin» hasaplansa-da, «Ethereum», «Lightboxin» we şuňa meňzeş başga-da birnäçe görnüşleri bar.
Döwletmyrat GARÝAGDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.