ABŞ-nyň Waşington ştatyndaky tokaýlarda ýabany jandarlaryň ýüzlerçe görnüşi ýaşaýar. Tokaýy kesip geçýän ýokary tizlikli awtoýollar bolsa, bu jandarlaryň geçýän ýoluny bekleýär. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin ýerli ýaşaýjylar bilen alymlar bilelikde taslama taýýarladylar. Taslamanyň çäklerinde ýabany jandarlaryň, esasan hem, pumalaryň geçýän ýolunyň ugrundan köprüler gurlar. Ekoulgamyň esasy halkalarynyň biri hasaplanýan pumalar aw etmek we köpelmek üçin uzak aralyga gitmeli bolýarlar. Pişikler maşgalasyna degişli bolan pumalar Kanadadan Argentina çenli aralykda tokaýlarda ýaşaýarlar. Bilermenler pumalaryň göwresiniň ýolbarsyňky ýa-da gaplaňyňky ýaly uly bolmaýandygyny, tutan awuny iýip bilmeýändigini belleýärler. Şeýle bolansoň, ýyrtyjy guşlar we beýleki jandarlar pumanyň tutan awundan öz paýyna düşenini alýarlar. Bu bolsa, ekoulgam üçin zerur bolup durýar.
Biologlar pumalaryň geçýän ýollaryny anyklamak üçin GPS ulgamyndan we beýleki usullardan peýdalanýarlar. Häzirki wagtda 60 puma GPS ulgamy dakylypdyr. Sebitde näçe pumanyň ýaşaýandygy bolsa, häzirlikçe belli däl. Biolog Kim Sager-Fradkin pumalaryň boýunlaryna dakylýan we olary yzarlamaga kömek edýän enjamlaryň olaryň ýaşaýan ýeri barada maglumat almaga ýardam edýändigini belleýär.