Gahryman Arkadagymyzyň «Jan Watanym Türkmenistan!» diýip atlandyrylan goşgusyndaky «Öňe, öňe, diňe öňe! – biziň beýik şygarymyz» atly setirleri mähriban halkymyzy täze ösüşlere we üstünliklere atarýar.
Hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzy berk binýatly, kuwwatly döwlete öwürmek, merdana halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan syýasaty «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem rowaçlyklara beslenýär. Her bir işde halkyň bähbidini ähli zatdan öňde goýýan hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjiligi bilen ýurduň ykdysady syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Milli Liderimiz täze ýylyň sanly ulgam arkaly geçirilen ilkinji Ministrler Kabinetiniň mejlisinde eden çykyşynda – Umuman, biz Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanynda hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerimli durmuş, syýasy we ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirdik. Syýasy taýdan durnukly we agzybir jemgyýetimizde mähriban halkymyz öz bellän maksatlaryny ynamly amala aşyrdy – diýip belläp, döwletimizi we onuň institutlaryny geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek babatda täze maksatnamalaryň işlenip düzülmegi babatda möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiziň nobatdaky başlangyçlary eziz Diýarymyzy täze üstünliklere alyp barar.
Eziz Diýarymyzda ýurt abadançylygynda her bir gün ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Biz muňa geçen ýyllaryň dowamynda durmuşa geçirilen beýik maksatnamalaryň netijelerinde hem göz ýetirdik. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda maýa goýum syýasatynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, döwrebaplaşdyrylmagy bilen, milli ykdysadyýetiň, şeýle-de sebitiň we dünýäniň döwletleriniň arasyndaky maliýe-ykdysady hem-de beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklaryň durnukly, sazlaşykly, kadaly ösüşi üpjün edilýär. Her ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy işlenip düzülende, onuň anyk wezipeleri kesgitlenýär, önümçilikde we durmuş ulgamynda meýilleşdirilýän sepgitler anyklanýar. Munuň özi ýurduň makroykdysady görkezijilerini ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga ýardam berýär.
Soňky ýyllarda tutuş ýurdumyzda halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak bilen baglanyşykly düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Halkara ähmiýetli ulag ulgamy sazlaşykly ösdürilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň şäherlerinde hem-de obalarynda ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, ilatyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak milli maksatnamalaryň we strategiýalaryň esasy ugrudyr.
Dünýewi, demokratik, hukuk döwletimiz ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmak bilen, parahatçylyk söýüji ýurt hökmündäki abraýyny barha artdyrýar. Ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan gazanýan ösüşleri has-da ähmiýetlidir. Amatly daşary syýasat şertlerini üpjün etmek bilen, ýurdumyz jemgyýetimiziň we döwletimiziň ähli ulgamlaryny gurşap alan giň möçberli özgertmeleri amala aşyryp, umumadamzat ähmiýetli iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär.
Hormatly Prezidentimiziň welaýatlarymyza yzygiderli amala aşyran iş saparlarynyň barşynda hem zähmetkeş raýatlarymyz bilen duşuşyklarynda ýurdumyzda ähli zadyň adamyň hatyrasyna, raýatlarymyzyň bolelin we abadan durmuşda ýaşamagynyň, ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň bähbidine gönükdirilýändigini, ilatymyzyň eşretli durmuşyň hözirini görmegi, ýaş nesillerimiziň bagtyýar durmuşda ösüp ulalmagy, döwrümize mynasyp adamlar bolup ýetişmegi üçin yzygiderli alada edilýändigini nygtamagy ulus-ilimizde çäksiz hoşallyk döredýär.
Ýurdumyzy täze üstünliklere alyp barýan, halkymyzyň abadan durmuşy ugrunda tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Gambarguly ÝALKAMYŞOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy, biologiýa ylymlaryň kandidaty.