Ýer we suw serişdelerini rejeli ulanmak, ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek, tohumçylygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de ylmy işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylýar. Olar ata-babalarymyzyň ýerden peýdalanmagyň köpasyrlyk tejribesi bilen birlikde, oba hojalygyny okgunly ösdürmegiň ygtybarly esasy bolup durýar.
Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny düşewüntli pudaga öwürmek, obasenagat toplumynyň köpugurly kuwwatyny doly peýdalanmak hem-de netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek üçin önümçilige täzeçil usullary, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň oňat dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmak babatdaky işlere hem möhüm ähmiýet berilýär.
Şonuň üçin ýylyň ilkinji günlerinden golaýlap gelýän gyzgalaňly oba hojalyk işlerine taýýarlyk görülýär. Milli Liderimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň daýhanlarynyň öndürijilikli zähmeti ugrunda döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan kärendeçiler şu ýylda ýurdumyz boýunça jemi 580 müň gektara gowaça ekmegi meýilleşdirýärler. Şol bir wagtyň özünde gowaçadan boşan meýdanlaryň häzirki döwürde 244 müň 411 gektarynda sürüm işleri geçirilip, ýerleri möwsüme taýýarlamak, ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töweregini arassalamak çäreleri dowam edýär. Şeýle hem halkymyzy özümizde öndürilýän ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk önümler bilen üpjün etmek boýunça zerur işler geçirilýär. Şu ýyl bu ekinleriň meýdanynyň 50 müň 450 gektar artdyrylyp, onuň 106 müň gektara ýetirilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýerleri taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki ekinleriň mukdaryny artdyrmak, şeýlelikde, Diýarymyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak üçin ähli zerur şertler bar we olary netijeli ulanmak üçin tagalla edilýär.
Umuman, ýurdumyzda oba hojalygyny düýpgöter özgertmek üçin ähli zerur işler alnyp barylýar. Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalary yzygiderli döredilýär hem-de olar önüm öndürijilere paýlanyp berilýär. Obasenagat toplumyny özgertmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalary amala aşyrylýar. Munuň özi oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmaga ýardam eder.
Oba hojalyk pudagynda gazanylýan üstünlikler milli Liderimiziň obasenagat toplumynyň hemmetaraplaýyn ösüşine, oba hojalyk önümlerini öndürijilere yzygiderli goldaw berilmegine gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasatynyň aýdyň netijesidir. Oba hojalygyny sanlylaşdyrmak, ýerleri işläp taýýarlamagyň täzeçil usullaryny, öňdebaryjy agrotehnologiýalary ornaşdyrmak, daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň we beýleki önüm öndürijileriň girdejilerini ýokarlandyrmak, kärende gatnaşyklaryny kämilleşdirmek boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär.
Gurbanmyrat GULMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallym-öwrenijisi.