Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň öňünde goýlan dürli kysymly gämileri gurmak wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň Hökümetiniň — Karz alyjynyň adyndan:
“Ro-Ro” görnüşli bir sany gämini we bir sany ýük gämisini gurmak boýunça taslamalaryň bahasynyň bir bölegini maliýeleşdirmek üçin Yslam ösüş banky bilen degişli ylalaşyklary baglaşmaga hem-de olaryň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrmaga;
“Ro-Ro” görnüşli gämini gurmak boýunça taslamanyň bahasynyň bir bölegini maliýeleşdirmek üçin OPEK Halkara ösüş gaznasy — Karz beriji bilen degişli karz ylalaşygyny baglaşmaga hem-de onuň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrmaga ygtyýar berildi.