14-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
2019-njy ýylyň aprel aýynda tassyklanan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasyna” laýyklykda, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çäginde kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak göz öňünde tutulýar.
Desga ekologiýa taýdan arassa elektrik energiýasyny öndürmek bilen, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň töwereginde peýda boljak ilatly ýerlerde sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün eder. Munuň özi ýurdumyzyň taryhynda täsin taslamadyr. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy pudagyň kuwwatlyklaryny artdyrmaga, şu ugur boýunça milli hünärmenleri taýýarlamaga, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, Energetika ministrligi tarapyndan ýokarda agzalan desgany ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de “Serdar” elektrik bekedinden 110 kilowolt güýjenmeli elektrik geçirijisini gurmak üçin enjamlary we serişdeleri satyn almak barada halkara bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň jemleri boýunça Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji Sanayi we Ticaret A.Ş.” kompaniýasynyň teklibi seçilip alyndy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu meseläniň ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň kuwwatyny artdyrmak we düzümini döwrebaplaşdyrmak babatda alnyp barylýan giň gerimli işler üçin ähmiýetiniň örän uludygyny nazara almak bilen, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz “ýaşyl” energiýanyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça taslamalaryň örän zerurdygyny aýdyp, daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän, ykdysady taýdan bähbitli alternatiw energetika desgalarynyň gurluşygynyň göz öňünde tutulan meýilnamalaryň ählisiniň, şol sanda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitinde ekologik abadançylygy üpjün etmek baradaky meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigini nygtady.