Dünýäniň iň gymmat awtoulagy adyna eýe bolan “Rolls-Royce”-iň “Boat Tail” modeliniň ikinjisiniň satuwa çykaryljak senesi mälim edildi. Mundan ozal kompaniýa şeýle ulagyň bary-ýogy üç sanysynyň öndüriljekdigini mälim edipdi. Geçen ýyl onuň ilkinjisi sargyt eden müşderä gowşurylypdy. 28 million dollar bahasy bolan ulag Italiýanyň Komo kölüniň kenarynda 20-22-nji maýda geçiriljek “Villa d’Este” çäresinde görkeziler. Ýörite işlenip düzülen modeller bir-birinden düýpgöter tapawutly bolmasa-da, kiçiräk üýtgeşmeleriň bolmagyna garaşylýar. Ulaglar ýörite öndürilenligi sebäpli, täze modeller müşderiniň islegine görä üýtgedilip, has ýokary bahadan satylyp bilner. “Rolls-Royce” -niň ýörite önümçilik bölümi tarapyndan taýýarlanan “Boat Tail” -iň ilkinji wersiýasynda “dünýäniň iň gymmat awtoulagy” ady bar.

Ilkinji “Boat Tail” ulagynyň içinde sürüjiniň öňünde ýerleşýän sagat üçin Şweýsariýanyň iň meşhur “BOVET 1822” şereketi bilen hyzmatdaşlyk edilipdir. Uzynlygy 5800 millimetre ýetýän awtoulagy “Boat Tail” -iň bazasy “Phantom” -a degişlidir. Awtoulagyň kapotynyň aşagynda 6,75 litrlik goşa turboly V12 hereketlendirijisi 563 at güýjüni öndürýär.