Fransuz-yrak arheologik toparynyň agzalary Yrakdaky gazuw-agtaryş işlerine täzeden girişdiler. Olaryň Gadymy Mesopotamiýa döwründen galan harabalyklary öwrenmek boýunça alyp barýan işleri ýurtda uzak wagtlap dowam eden ýagdaýlar sebäpli kesilipdi. Ýöne indi daşary ýurtly alymlar bu ýere dolanyp gelýärler.
– Biz häzirki wagtda En-Nasiriýadan birnäçe kilometr uzaklykda, Yragyň günortasyndaky gadymy şäher bolan Larsanyň harabalyklarynda gazuw-agtaryş işlerini geçirýäris. Bu Yrakdaky iň uly arheologik sebitleriň biri bolup, soňky çaklamalara görä, bu ýerde gürrüň 200 gektardan gowrak ýer hakynda barýar. Korol Filip Awgustyň döwründe Parižiň çäkleri hem şunça ýeri eýeläpdir – diýip, Fransuz arheology Regis Walle belledi.
– Biziň ýüze çykaran tapyndylarymyz, bu ýerde, ýeriň aşagynda ybadathananyň harabalyklarynyň, şeýle hem gadymy aramgähleriň bolup biljekdigini çaklamaga mümkinçilik berýär – diýip, germaniýaly arheolog Ybraýym Salman aýdýar.
Arheologlar soňky wagtlarda bu ýerde köp sanly möhüm açyş etmegiň hötdesinden gelendiklerini bellediler. Ýygnalan zatlar Bagdatda ýerleşýän Yrak muzeýine geçirilýär.