Türkiýäniň Ulag we infrastruktura ministrligi Türkiýe bilen Ermenistanyň aralygynda howa gatnawynyň ýola goýuljakdygyny mälim etdi. Ministrlik 2-nji fewraldan başlap ikitaraplaýyn gatnawyň başlanjakdygyny habar berdi. Şeýle hem 24-nji ýanwardan başlap, Yragyň Erbil şäherine hem howa gatnawynyň ýola goýuljakdygy aýdyldy.