Angliýada synag maksady bilen hepdelik dört iş gününiň ýola goýulmagyna başlanar.  Alty aý dowam etjek bu synaga 30 kompaniýa gatnaşar. Bilermenler hepdede dört gün işlemegiň, adamlaryň gowy dynç almaklaryna netijede, has önjeýli işlemeklerine sebäp bolýandygyny aýdýarlar. “COVID-19” pandemiýasynda iş sagatlarynyň azaldylmagy we uzak aralykdan işlenilmegi hem bu ugurda gowy tejribe gazanmaga ýardam etdi. Ýurtda geçiriljek synagyň dowamynda işgärleriň aýlyklary azaldylmaz. Ýagny işgärlere hepdede bäş gün işlän ýaly has tölener. “Autonomy” maslahat beriş kompaniýasynyň “4 Day Week UK” atly kampaniýasyna Oksford uniwersiteti, Boston kolleji we Kembrij uniwersiteti “4 Day Week Global” maksatnamasy bilen gatnaşýar. “4 Day Week Global” maksatnamasynyň dolandyryjysy Joe O’Konnor Iş ýerleriniň köpüsiniň aýlyklary azaltmazdan, iş sagatlaryny azaltmak üçin önümçilige üns berýän strategiýany işläp taýýarlaýandygyny belleýär. Bu maksatnamada iş ýeri hepdäni 5 gününde işlär. Emma bäş iş gününiň birinde dynç alyp biler. Şeýlelikde hepdäniň dört güni iş, üç güni dynç bolar. Mundan ozal käbir banklar we beýleki iş ýerleri hem şeýle düzgüni ýola goýupdy. BU maksatnama Angliýadan soňra ABŞ-da, Irlandiýada, Kanadada, Awstraliýada we Täze Zelandiýada hem durmuşa geçiriler. Bu başlangyja goşulan kompaniýalaryň arasynda tehnologiýa kompaniýalarynyň işgärleriniň önjeýliligini ýokarlandyrmaga degişli çözgütleri hödürleýän “Canon” hem bar.