(Er­te­ki­)
Bir bar eken, bir ýok eken. Ga­dym eý­ýam­da bir daý­ha­nyň üç ökü­zi bar eken. Ola­ryň bi­ri ga­ra, bi­ri sa­ry, ýe­ne bi­ri bol­sa, ala eke­ni. Gün­le­riň bi­rin­de olar öza­ra mas­la­hat edip: “Eger biz mun­dan beý­läk bu ýer­de gal­sak, eýä­miz bi­ziň üçi­mi­zi-de azala go­şup, tä öl­ýän­çäk ýer sür­dü­rer. Ge­liň, üçi­miz hem ga­çyp gi­de­liň!” di­ýip­dir­ler-de, gi­jä­niň ga­raň­ky­syn­da eýe­le­ri­ne bil­dir­män, agyldan ga­çyp gi­dip­dir­ler.
Şeý­dip, bir to­ka­ýa ba­ryp, mes­gen tu­tup­dyr­lar.
Ot­la­şyp ýör­kä­ler, ola­ryň üs­tü­ne on sa­ny ýol­bars ço­zup­dyr. Öküz­le­riň üçü­si hem ar­ka­la­ry­ny be­ýik de­pä di­räp, uzyn hem-de ýi­ti şah­la­ry­ny ýol­bars­la­ra ge­zäp du­ru­be­rip­dir­.
Şol wagt ýol­bars­la­ryň bi­ri ýol­daş­la­ry­na ýüz­le­nip:
– Beý­di­şip, hem­mä­miz aç dur­ma­lyň. Men­den öz­gä­ňiz gi­diň-de, baş­ga aw aw­la­be­riň! Şu üç ökü­ziň höt­de­sin­den özüm gel­jek bo­la­ýyn – di­ýip­dir.
Ýol­bars­la­ryň do­ku­zy­sy gi­dip, gür ot­lu­gyň için­de bu­ku­lyp­dyr­. Öküz­ler ar­ka­ýyn­la­şyp, her­si öz peý­wag­ty­na ot­la­ma­ga baş­lap­dyr. Bir­den­kä, ýe­ke ga­lan ýol­bars gar­şy­syn­da­ky ökü­ziň ýa­ny­na ba­ryp­dyr.
– Öküz gar­daş, bi­ler bol­saň, me­ni ýol­daş­la­rym taş­lap git­di. Siz-ä üç, me­niň bi­len dört bo­lup, do­gan ýa­ly ýa­şa­be­re­liň – di­ýip­dir.
On­da öküz­ler:
– Aý, nä­me, eger dog­ru­da­nam, do­ga­ny­myz bol­jak bol­saň, bi­zem ra­zy. Ýol­bars do­ga­ny­myz bar­ka, mun­dan beý­läk bi­ze hiç ki­mem azar be­rip bil­mez – di­ýip­dir­ler.
Gün­le­riň bi­rin­de ga­ra öküz şeý­le ar­ka­ýyn­ly­ga sa­lyp, has uza­ga ot­la­ma­ga gi­dip­dir. Şol wag­tam häl­ki ýol­bars ala öküz bi­len sa­ry ökü­ziň ýa­ny­na ba­ryp:
– Eý, do­gan­lar, şu ga­ra ökü­ziň-ä pä­li azyp­dyr, gö­rüň ony, ot­la­mak ba­ha­na­sy bi­len ni­re­le­re gi­dip­dir? Bu bol­şu­na hök­man ba­şy­my­za bir be­la ge­ti­rer. Iň go­wu­sy, eger ra­zy bol­sa­ňyz, men şu ga­ra ökü­ziň çä­re­si­ni gö­re­ýin, ýog­sam, soň­ra ökü­ne­ni­mi­ziň peý­da­sy bol­maz – di­ýip­dir.
Ala öküz bi­len sa­ry öküz mu­ňa ra­zy bo­lup­dyr.
Ýol­bars ba­ryp, sen-men ýok, des­si­ne ga­ra ökü­zi öl­dü­rip­dir. Şeý­dip, ol bir aý­lap da­gy ga­ra ökü­ziň eti­ni iýip, he­zil edip ýa­şap­dyr.
Soň­ra bir gün sa­ry öküz ota gy­zy­gyp, uza­ga gi­dip­dir we­lin, ýol­bars der­rew ala ökü­ziň ýa­ny­na ba­ryp:
– Gör­ýän we­lin, mu­nu­ňam tem­mi­si­ni ber­me­li bo­lup­dyr öýd­ýän. Eger ra­zy bol­saň, men-ä şo­ňam çä­re­si­ni gö­räý­jek – di­ýip­dir.
On­da ala öküz:
– Bar, şeýdäý! – di­ýip­dir.
Şeý­lelikde, ýol­bars sa­ry ökü­zi hem iýip­dir.
Gün­le­riň bi­rin­de ýol­bars ala ökü­ze ýüz­le­nip­dir:
– Eý, ak­mak, gel bä­rik! In­di ge­zek seň­ki.
Ala öküz ge­ňir­ge­nip­dir:
– Eý, ýol­bars, ha­ny, sen bi­ziň bi­len do­gan bo­lup, ýör­män­mi­diň nä­me?!
– Ak­mak diý­sä­ni, heý, et iý­ýän ýyr­ty­jy bi­len ot iý­ýän haý­wan do­gan bo­lar­my? Bu zat­lar me­niň si­ziň ag­zy­ňy­zy alar­dyp, ýe­ke-ýe­ke­den iý­jek bo­lup, ta­pyp ýö­ren tos­la­ma­la­rym. Ýog­sam, üçi­ňiz bir bo­la­ny­ňyz­da, bi­ziň ony­my­za-da al­dyr­ma­dy­ňyz ahy­ry. In­di bol­sa, sen ýe­ke. Ma­ňa edip bil­jek za­dyň ýok – di­ýip, mu­nam iýip­dir.
Aza­şa­nyň kim aý­dar, do­gan aý­dar, dost aý­dar, dü­şen ýo­luň dog­ry di­ýip, duş­man aý­dar has1 aý­dar. (Has-içi­ga­ra­lyk).