Ilkinji tikin maşynlary baryp–ha, XIV asyrda Gollandiýada peýda bolupdyr. Olar ilkibada taga–şyksyz bolup, diňe deňiz gämileriniň ýelkeniniň kendir matalaryny tikmek üçin niýetlenipdir. El tikin maşynyny bolsa, angliýaly Tomas Saýnt oýlap tapypdyr we ygtyýarnama hem alypdyr, ýöne onuň önümçiligi ýola goýulmandyr.
Amerikaly Elias Hou häzirki zaman tikin maşynlarynyň nusgasy bolan bu enjamy oýlap tapmanka, XIX asyra çenli adamlar onuň nämedigini hem bilmändirler. Olar naýçaly gurluşly maşynlar bolupdyrlar. Ýöne Hou öz oýlap tapan zadyny işläp gutarýança, köp wagtlap iňňäniň nähili bolmalydygyna akyl ýetirip bilmändir we köp sanly zehinli adamlarda bolşy ýaly, çözgüt onuň düýşüne giripdir. Ýöne tikin maşynlarynyň önümçiligini başlamak bu oýlap tapyja hem miýesser etmändir.
Diňe 1850-nji ýylda Isak Zinger Houň oýlap tapan maşynyny kämilleşdiripdir we senagat taýdan öndürip başlapdyr. Olar Zingeriň adyny göterse-de, ol tikin mehanizmini oýlap tapan ýeke-täk adam däldir. Onuň peýda bolmagy örän uzaga çekip, diýseň köp azaply bolupdyr. 1790-njy ýyldan başlap Angliýada, soňra 1819-njy ýylda Awstriýada, 1826-njy ýylda Amerikada, 1830-njy ýylda Fransiýada – hemmeler tikin maşynlaryny oýlap tapypdyrlar, ýöne bu başlangyjy her näme bolsa-da Zinger tamamlapdyr. Oňa gysga döwrüň içinde tikin mehanizmini şeýle bir kämilleşdirmek başardypdyr welin, ol uzak ýyllaryň dowamynda tikinçileriň zähmetini ýeňilleşdirýän ýeke-täk mehanizm bolupdyr. Hut Zinger naýçanyň kese ýagdaýyny oýlap tapypdyr, tikilýän mata çemeli bolar ýaly maşyny stoljugyň üstüne berkidipdir we saklaýjy aýajygyň kömegi bilen iňňe dyngysyz we birsyhly hereket edipdir. Ondan başga-da, ol aýak bilen herekete getirijini oýlap tapyp, tikinçileriň iki elini hem mata bilen işlenende ulanmaga ýardam beripdir.