Dünýäde her ýyl müňlerçe festiwal geçirilýär. Festiwallar jemgyýet tarapyndan kesgitlenen, däp bolan we belli günlerde bellenilýän wakalardyr. Köp medeniýetlerde festiwallar ynanç we yrymlar, däp-dessurlar, hekaýatlar, baharyň gelmegi we hasyllylyk bilen baglanyşyklydyr. Diňe güýmenje maksatly geçirilýän festiwallara dünýäniň dürli künjeklerinden müňlerçe adam gatnaşýar. Ine, dünýäniň iň meşhur festiwallary:
«La Tomatina» festiwaly, Ispaniýa
Bu festiwal Ispaniýanyň gündogaryndaky Walensiýa kenarýaka Bunol şäherinde geçirilýär. Iň meşhur şüweleňleriň biri bolan «Tomatina» gatnaşyjylar biri-birine pomidor zyňyşýarlar. Güýmenje maksatly guralyp, topar bolup geçirilýän bu festiwal 1945-nji ýyldan bäri her ýylyň awgust aýynyň soňky çarşenbesinde geçirilýär.
Borýon palçyk festiwaly, Koreýa Respublikasy
Koreýa Respublikasynyň Borýon şäherinde geçirilýän bu festiwal iki million töweregi adamyň gatnaşmagynda geçirilýär. Borýonyň palçyk meýdanlaryndan Teçhon deňiz kenaryna palçyk getirilýär. Festiwal iki hepde dowam edýär. Adatça, iýul aýynyň ikinji ýekşenbesinde geçirilýän bu festiwal 1996-njy ýyldan bäri bellenilýär. Borýon palçyk festiwalynda dürli baýrakly ýaryşlar, aýdym-sazly çäreler guralýar.
«Notting Hill» festiwaly, London
«Notting Hill» festiwaly dünýäde iň köp gatnaşylýan çäreleriň biridir. Festiwalda ýüzlerçe müň adam Londonyň Kensington etrabynyň «Notting Hill» köçesinde reňkli we täsin eşikleri geýip, baýramçylyk ýörişine gatnaşýarlar. Londonda Afrika medeniýetini ösdürmek maksady bilen geçirilýän dostluk şüweleňi ilkinji gezek 1960-njy ýyllarda bellenip başlanýar. Her ýylyň awgust aýynyň soňky şenbe we ýekşenbe günlerinde geçirilýän festiwala dürli milletleriň wekilleri gatnaşýarlar.
Holi festiwaly, Nepal we Hindistan
Her ýylyň fewral aýynda Hindistanda we Nepalda bahar baýramy bellenilýär. Festiwal gyşyň gutarmagyny, baharyň gelmegini we bereketli hasylyň alynmagyny arzuwlap geçirilýär. Hindi senenamasynda 11-nji aýyň 14-ine agşam oduň ýakylmagy bilen başlanýan şüweleň, ertesi gün reňk festiwaly bilen dowam edýär. Şol gün her kim birek-birege boýaglary zyňyşýarlar, köçeler tans edýän, aýdym aýdýan, oýun oýnaýan şadyýan adamlar bilen dolýar. Bu baýramçylyk soňky ýyllarda dünýäniň köp sebitine ýaýrady. Söýginiň, reňkleriň we baharyň gelmegini aňladýan bu gyzykly festiwal birnäçe filmde hem öz beýanyny tapdy.
«Rio» festiwaly, Braziliýa
Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilýän festiwala iki million adam gatnaşyp, dünýäniň iň uly festiwaly hasaplanýar. Bu festiwal ilkinji gezek 1723-nji ýylda geçirilipdir. Her ýyl müňlerçe jahankeşdäni bu şähere getirýän festiwalda iki milliona golaý adam tansdyr aýdym-sazlary ýerine ýetirip, baýrakly çärelere gatnaşýarlar. Bu festiwal «Samba mekdebiniň» gatnaşyjylary tarapyndan guralyp, ol ýerli milletden, goňşy ýurtlaryň raýatlaryndan durýar.
Loý Kratong we Ýi Pen festiwallary, Taýland
Loý Kratong festiwaly Taýland Aý senenamasynyň 12-nji aýynyň 14-ine, ýagny dolan aýda bellenilýär. Bu festiwalyň ady terjime edilende, «ýüzýän sebet» diýmegi aňladýar. Festiwal bananyň agajyndan ýasalan sebetler, güller, şemler, ýakymly ysly tüteltgi we banan agajynyň ýapraklary bilen bezelýär. Festiwaldan öň her kim öz sebedini ýasaýar. Aý al-asmana çykanynda bolsa taýlandlylar taýýarlan sebetlerini arzuw edip suwa goýberýärler. Ýeri gelende bellesek, ýurtda şeýle festiwala meňzeş Ýi Pen şüweleňi hem geçirilýär. Şonda adamlar amala aşmagyny isleýän arzuwlaryny aýdyp çyralary uçurýarlar. Müňlerçe adamyň gatnaşmagynda geçirilýän bu festiwal her ýylyň noýabr aýynda geçirilýär.