Horwatiýa 2023-nji ýylyň ýanwarynda meýilleşdirilýän ýewro geçişine amaly taýdan taýýarlyk işlerine başlady. Sentýabr aýyndan başlap indiki ýylyň dowamynda ýurtda bahalar iki pul birliginde – ýerli kunlarda we ýewrolarda görkeziler. Häkimiýetler milli walýutadaky bir milliard şaýylygy we 500 million kagyz puly ýuwaş-ýuwaşdan dolanyşykdan aýyrmakçy.

Horwatiýa 2013-nji ýyldan bäri ýewro pul birligine geçmek üçin Ýewropa Bileleşiginiň degişli düzümleri bilen gepleşikleri geçirýärdi. Häzire çenli bu ugurda birnäçe resminamalara gol çekildi.

Horwatiýa Respublikasy Merkezi Ýewropada  ýa-da Günorta Ýewropada şeýle hem, az-kem Balkan ýarym adasynda ýerleşýän döwlet bolup, 1991-nji ýylda garaşsyzlygyna eýe boldy. Ýurduň ilaty 2018-nji ýylyň maglumatlaryna görä, 4 076 246 adama deň.