2021-nji ýyl­da dün­ýä­de gö­ni da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň möç­be­ri 77% ösüp, 2020-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 1,65 tril­li­on dol­la­ra deň bol­dy. Bu ba­ra­da Söw­da we ösüş mas­la­ha­ty­nyň ha­sa­ba­ty­na (ÝUNK­TAD) mä­lim edil­ýär. ÝUNK­TAD gö­ni da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň 2021-nji ýyl­da 77%-e çen­li ýo­ka­ry ösü­şi gör­ke­zen­di­gi­ni bel­le­ýär. Ma­ýa go­ýum­la­ry, COVID-19-a çen­li dö­wür­den ýo­ka­ry bo­lup, 2020-nji ýyl­da 929 mil­liard dol­lar­dan 1,65 tril­li­on dol­la­ra çen­li art­dy.
Gö­ni da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň iň uly ösü­şi ösen ýurt­lar­da ha­sa­ba alyn­dy we je­mi 777 mil­liard dol­lar­dan yba­rat bol­dy. Bu möç­ber 2020-nji ýyl­da­ky­dan üç es­se köp. ABŞ-da ösüş 114%, Hy­taý­da 20%, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­de 8% bol­dy. Şu­nuň bi­len bir wagt­da, Hin­dis­tan­da bu gör­ke­zi­ji­ler 2020-nji ýyl­da­ky­dan 26% pes.
Bu ýyl üçin çak­la­ma­nyň oňyn­dy­gy bel­len­di, ýö­ne ge­çen ýyl ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­riň gaý­ta­lan­maz­ly­gy äh­ti­mal. Bu ugur­da esa­sy tö­wek­gel­çi­lik fak­to­ry, pan­de­mi­ýa­nyň yzy­gi­der­li tol­kun­la­ry bi­len dün­ýä­de uza­ga çe­ken çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar­dyr. Nä­bel­li­lik, esa­san hem, ös­ýän ýurt­lar­da san­jy­myň gi­di­şi, şeý­le-de, inf­rast­ruk­tu­ra ma­ýa go­ýum­la­ryň dep­gi­ni bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Beý­le­ki tö­wek­gel­çi­lik­ler zäh­met ba­za­ryn­da­ky kyn­çy­lyk­lar­dan, üp­jün­çi­lik zyn­jyr­la­ryn­dan, ener­gi­ýa gö­te­ri­ji­le­riň ba­ha­la­ryn­dan we infl­ýa­si­ýa ba­syş­la­ryn­dan ge­lip çyk­ýar.
Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Söw­da we ösüş mas­la­ha­ty (ÝUNK­TAD) BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň eda­ra­sy­dyr. Ol 1964-nji ýyl­da esas­lan­dy­ryl­dy. ÝUNK­TAD-nyň ştab-kwar­ti­ra­sy Že­ne­wa­da ýer­leş­ýär. Şu gü­ne çen­li mas­la­ha­tyň dü­zü­min­de 195 ýurt bar. UNCTAD-yň ka­rar­la­ry Jar­na­ma gör­nü­şin­de ka­bul edil­ýär we mas­la­hat be­ri­ji hä­si­ýe­te eýe­dir.