Erteki
Gadym döwürlerde pişik bilen syçan dost bolupdyr. Olar bir adada agzybir durmuşda ýaşaýan ekenler. Pişik guş awlaýan bolsa, syçan hozdur, kökleri iýip oňýan eken. Günlerde bir gün syçan pişige garap:
– Bu ýeri gaty ýürekgysgynç, belki aňyrky kenara geçeris? – diýip teklip edýär. Pişik bolsa:
– Suwdan nädip geçeris? – diýip, geňirgenipdir.
– Ol kyn däl, agaçdan gaýyk ýasaýarys – diýip, syçan jogap beripdir.
Olar agaçdan kiçiräk gaýyk ýasaýarlar. Soňra bolsa gaýyga münüp, aňyrky kenara tarap ýüzmäge başlaýarlar. Olar heniz ýoluň ýarysyna hem ýetmänkäler ajygyp ugraýarlar. Çünki olar ýany bilen hiç hili azyk alman ekenler. Olaryň hersi gaýygyň bir künjünde uklamaga synanyşýar. Ahyry pişik uka gidýär, syçanyň bolsa gözüne çiş kakylan ýalymyş. Syçan açlygyndan ýaňa gaýygyň aşagyndan gemrip başlaýar. Pişik arasynda oýanan mahaly syçan uklan ýaly bolup ýatýar. Ahyry gaýygyň aşagy deşilýär-de, ondan suw syzyp, batyp başlaýar. Gaýyk batansoň, öl-myžžyk bolan pişikdir syçan kenara tarap ýüzüp ugraýarlar. Syçanyň bu etmişine myrryhy atlanan pişik:
– Men seni häzir iýjek!- diýip, abaýlaýar.
Müýnli syçan ýüzüp barşyna:
– Suwdan çykýançak sabyr et, soňra iýersiň, bolmasa ikimizem häzir gark bolarys – diýýär.
Kenara çykanlaryndan soňra pişik:
– Ine, indi seni iýip dynmasam bolmaz – diýýär.
Syçan bolsa:
– Entek biraz garaş, üstüm gurasyn, soň iýseňem bolar! – diýýär. Soňra bolsa, syçan pişigiň ünsüniň başga zada sowlandygyny bilip, hine sümülýär.
– Sen tä daşaryk çykýançaň şu ýerde garaşaryn – diýip, syçany tutup ýetişmedik pişik gygyrýar.
– Köp garaşmaly bolarsyň, gardaş! Men hiç haçan bu ýerden çykmaryn – diýip, syçan hiniň içinden gygyrýar.
Pişik garaşmagyny dowam edýär, syçan bolsa, ýer astyndan hin gazyp, başga deşikden çykyp, ötägidýär.
Şol günden bäri pişik süýji uka batmagyny bes edipdir. Gijesine bolsa, syçanyň aýak sesine diň salyp, onuň deşikden çykmagyna garaşmagy endik edinipdir. Syçan bolsa, hininden çykmazdan öň ol ýerde pişigiň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamagy endik edinipdir.