Tebigatda görýän zatlarymyzyň hemmesiniň diýen ýaly göwrümi gyzan wagty giňeýär, sowanda kiçelýär. Gaty ýa-da suwuk maddanyň bölejiklerini bilelikde saklaýan esasy güýç elektromagnit täsiridir. Madda gyzan wagty materiala berlen energiýa bölejikleri maddany bilelikde saklaýan güýçleri we bölejikleri biri-birinden daşlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Şonuň üçin temperaturanyň ýokarlanmagy bilen maddalaryň göwrümi hem artýar. Beýle ýagdaý diňe suwda başgaça bolýar. Ýagny beýleki zatlaryň göwrümi doňanda kiçelip, gyzanda giňeýän bolsa, suw doňan wagty giňeýär. Şeýle-de bolsa, suw gyzan wagty hem giňeýär. Iň täsin himiki birleşmeleriň biri bolan suw 4 derejedekä göwrümi iň kiçi ýagdaýda bolýar. 4 derejeden geçenden soňra doňandaky ýaly bolmasa-da, göwrümi giňäp başlaýar. Alymlar bu ýagdaýyň suw molekulalarynyň kristal gurluşy bilen baglydygyny belleýärler. Suwuň doňanda göwrüminiň giňeýändigini plastik gapdaky suwuň doňan wagty çişendiginden hem görüp bilersiňiz.
Eger beýleki maddalar ýaly suw hem sowanda göwrümi giňeýän bolsa, ol aşakdan doňmaga başlardy. Ýagny doňan suw göwrümi kiçelendigi üçin massasy artyp, suwuň düýbüne çökerdi. Beýle ýagdaýda derýadyr köllerdäki suw jandarlary gyşdan çykyp bilmezdi. Suwuň ilki ýüzüniň doňmagy bolsa, aşagynda suwy ýyly saklap, balyklaryň we beýleki jandarlaryň ýyly suwda ýaşamagyny üpjün edýär.