Me­kong der­ýa­sy dün­ýä­dä­ki iň uzyn 12-nji we gü­nor­ta-gün­do­gar Azi­ýa­nyň iň uzyn 7-nji der­ýa­sy bo­lup, onuň kenarlary tä­sin ekoul­ga­my bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Öz göz­ba­şy­ny Hy­taý­dan alyp gaýd­ýan der­ýa La­os, Tai­land, Kam­boja we Wýet­nam ýaly ýurt­la­rdan akyp geç­ýär. Umumy uzyn­ly­gy 4900 ki­lo­metr bo­lan Me­kong der­ýa­sy se­bit­dä­ki 60 mil­li­on­dan gow­rak ila­ta iý­mit, gir­de­ji, sag­lyk we me­de­ni ba­bat­da öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da bu der­ýa­da gu­ra­lýan ýö­ri­te ge­ze­lenç­le­r sy­ýa­hat­çy­lyk gir­de­ji­si­ni hem art­dyr­ýar. Uzak Gün­do­ga­ryň mö­hüm ta­ry­hy bi­na­la­ry hem bu der­ýa­nyň bo­ýun­da ýer­leş­ýär. O­la­ryň için­de iň mö­hü­mi ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä me­de­ni mi­ra­synyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len Ang­kor Wat yba­dat­ha­na­sy­dyr. Ke­na­ryn­da müň­ler­çe oba­ we şä­he­r ýer­leş­ýän Me­kong der­ýa­syn­da köp­ri we bent bar.