Awiasiýa pudagynda iş alyp barýan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan «Boeing» uçýan sürüjisiz taksileri işläp taýýarlamak üçin maýa goýum goýýar. Amerikan kompaniýasy Kaliforniýadaky Silikon jülgesinde howa taksilerini işläp taýýarlaýan «Wisk» kompaniýasy bilen 450 million dollarlyk hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdi. Bu startap sürüjisiz hereket edýän we dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän kiçi göwrümli ulaglary öndürmegi maksat edinýär. «Boeing»-iň ýokary derejeli ýolbaşçysy Mark Allen ilkinji nobatda özbaşdak hereket edýän ulaglary işläp taýýarlamaga aýratyn üns berýändiklerini belleýär. «Wisk»-iň wekilleri bolsa, uçýan ulagy öndüren ilkinji kompaniýanyň özleri däldigini, emma dolulygyna özbaşdak hereket edýän uçýan ulaglary ilkinji bolup taýýarlajakdyklaryny belleýärler. Şeýle ulaglaryň söwda maksatly önümçiliginiň ýola goýuljak wagty barada maglumat berilmedi. Kompaniýa degişli resminamany alandan soňra bäş ýylyň dowamynda 40 milliondan gowrak ýolagça hyzmat ediljekdigi, jemi 14 milliondan gowrak uçuşyň amala aşyrjakdyklary bellenilýär.
Şeker KULIÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy.