Häzirki döwürde oba hojalygyny güýçli depginler bilen ösdürmek we özgertmek, ony girdejili pudaga öwürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Daýhanlara netijeli işlemäge, toprakdan bol hasyl öndürip, bolelin durmuşda ýaşamaga döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda netijeli işler amala aşyrylýar. Oba-senagat toplumynyň köpugurly mümkinçiliklerini ulanmakda has täze, netijeli usullardan peýdalanylýar. Topluma ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlary, iň gowy dünýä tejribesi giňden ornaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzda 1 million 50 müň tonna pagta öndürmek, şeýle hem 1 million 600 müň tonna galla öndürmek bellenildi. Halkara Nowruz baýramynyň bellenilýän günlerinde gadymy daýhançylyk däplerimize laýyklykda, ýurdumyzda gowaça ekişine badalda berildi. 23-nji martda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda hormatly ýaşulularyň, tejribeli daýhanlaryň, mehanizatorlaryň, oba hojalyk hünärmenleriniň gatnaşmagynda gowaça ekişine, Balkan welaýatynda bolsa, miwe-gök we bakja ekinleriniň ekişine badalga berildi. 30-njy martda Daşoguz welaýatynyň pagtaçylary gowaçа ekişine başladylar. Bu ýerde howa şertleri nazarda tutulyp, ekiş möwsümine ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndaka garanyňda, biraz gijräk girişilýär. Ekiş möwsümini ýokary derejede guramak maksady bilen, sebitlerde ýörite toparlar döredilip, meýilnamalaýyn çäreler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz ekerançylaryň zähmet we durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýokary öndürijilikli tehnikalary we enjamlary satyn almak, daýhanlary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek wezipelerine aýratyn üns berýär. Oba hojalyk pudagyny yzygiderli ösdürmek, ekinleriň bol hasylyny ýetişdirmek, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almak üçin kämil oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar. Mineral dökünleri öndürýän kärhanalar gurulýar. Suwaryş we zeýkeş ulgamlary, täze howdanlar gurlup, suw bilen daýhanlary bolelin üpjün etmek hem-de ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, ylmyň gazananlaryny önümçilige yzygiderli ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Suwdan rejeli peýdalanmak maksady bilen, döwrebap tehnologiýalary, şol sanda ekinleri suwarmak boýunça tehnologiýalar işjeň ulanylýar. Gök önümleri ýetişdirmekde emeli ýagyş suwy, miweli baglarda damjalaýyn suwaryş usuly oňat netije berýär.
Şu ýylyň 8-nji ýanwarynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz 2016-njy ýylda öňde duran möhüm wezipeleri kesgitledi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek we oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy. Täze ministrlik Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini, Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrligini, “Türkmengallaönümleri”, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiklerini, Döwlet maldarçylyk birleşigini, “Türkmenpagta” döwlet konsernini we onuň garamygyndaky “Ak altyn“ söwda kärhanasyny birleşdirýär. Ýurduň oba we suw hojalyk pudagyndaky şeýle düzümleýin özgertme ler işleriň sazlaşykly ýola goýulmagyny, dolandyryş ulgamynyň netijeli bolmagyny üpjün eder.
Ýurt Garaşsyzlygy ýyllary içinde gallaçylyk, pagtaçylyk, maldarçylyk pudaklarynda, oba hojalyk hyzmatlaryny üpjün etmekde, suw hojalygy ulgamynda uly wezipeler ýerine ýetirildi. Geçen döwürleriň dowamynda oba hojalygynyň pudaklaryny bir düzüme jemlemek, işi merkezleşdirmek üçin berk binýat döredildi. Düzümleýin özgertmeler oba we suw hojalyklaryny utgaşykly dolandyrmakda täze ösüşleri şertlendirer.
Öz işini bes eden “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň hasabynda duran oba hojalyk tehnikalary daýhan birleşiklerinde peýdalanylar. Bu çözgüt hem daýhan birleşiklerinde oba-hyzmat işleriniň guramaçylykly, netijeli ýola goýulmagyna ýardam eder. Oba hojalygynda önümçilige ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine uly üns berilýär. Öz işini bes eden Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag pagtaçylyk institutyny, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Ylmy-barlag ekerançylyk institutyny hem-de “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň Ylmy-barlag dänelik ekinleri institutyny goşup, olaryň binýadynda Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň Oba hojalyk ylmy-barlag instituty döredildi. Oba hojalygy ulgamyndaky ylmy edaralaryň utgaşdyrylan düzüminiň döredilmegi alymlaryň tagallalaryny birleşdirmäge, ylmy-barlag institutynyň tehniki binýadyny has-da kämilleşdirmäge, ýaş alymlary taýýarlamaga ýardam berer.
Berkarar döwletimizde düýpli özgertmeleriň giň gerimler bilen durmuşa geçirilmegi halkymyzyň eşretli, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygynyň bellenilýän 2016-njy ýyl hem ýurdumyzyň ösüşinde möhüm sepgitlere eýe bolunjak ýyllaryň biri bolar.
Mergen Gurbanow,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.