1897-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda nemes inženeri we oýlap tapyjysy Rudolf Dizel gysyş netijesinde ýangyjyň öz-özünden içinden otlanýan hereketlendirijiniň täze görnüşini üstünlikli synagdan geçirdi. Şeýlelikde, köpçülikleýin öndürmek maksady bilen ilkinji dizel hereketlendirijisi ýasalýar. Alym 1892-nji ýylyň 28-nji fewralynda «Bir silindrli we köp silindrli hereketlendirijileriň işleýiş usuly » barada patent alýar.