Möwsümiň birinji Uly tuwulga tennis ýaryşynda erkekleriň arasynda finala çykanlar belli boldy. Ýarym finalda italiýaly Matteo Berrettinini 6:3, 6:2, 3:6 we 6:3 hasaplar bilen ýeňen ispaniýaly Rafael Nadal Awstraliýa Açykda 6-njy, umumylykda 29-njy gezek Uly tuwulga ýaryşynda finala çykdy. Nadal Awstraliýa Açykda şu wagta çenli diňe 1 gezek çempion bolmagy başardy (2009). Nadalyň finaldaky garşydaşy russiýaly Daniil Medwedew bolup, ol ýarym finalda gresiýaly Stefanos Sisipasy 4 setde 7:6, 6:4, 4:6 hem-de 6:1 hasaplar bilen ýeňdi. Medwedew Awstraliýa Açykda yzly-yzyna 2-nji gezek finala çykyp, ol geçen ýyl çempionlygy Nowak Jokowiçe aldyryp, Bu onuň Uly tuwulgalardaky 3-nji finaly bolar. Final duşuşygy ýekşenbe güni Aşgabat wagty bilen 13:30-da başlar.

Zenanlaryň arasyndaky finalda bolsa ýer eýesi Eşli Barti bilen amerikaly Danielle Kollins duşuşar. Barti ýarym finalda amerikaly Madison Kiýzi 6:1 we 6:3 hasaplar bilen ýeňip, ilkinji gezek Awstraliýa Açygyň finalyna çykdy. Rolan Garros hem-de Wimbledon-yň çempiony Barti Uly tuwulgalarda 3-nji gezek finalda oýnar. Ýarym finalda polşaly Iga Swýontegi 6:4 we 6:1 hasaplar bilen utan Kollins ilkinji gezek Uly tuwulga finalynda çykyş eder. Zenanlaryň arasyndaky final ertir 13:30-da başlanar.