Tennis boýunça möwsümiň 4-nji “Uly tuwulga” ýaryşy Amerika Açykda asly russiýaly tennisçiler çempionlyk gazandy. Çempionlaryň ikisi-de ýeňiji hökmünde 5,5 million dollar pul baýragy bilen sylaglandy. 146-njy gezek geçirilen Amerika Açyk tennis ýaryşynyň umumy baýrak gaznasy 108 million dollara deňdir. 2025-nji ýyldakydan 21 göterim artdyrylan bu görkeziji şu wagta çenli tennis ýaryşlaryndaky iň uly baýrak gaznasy hökmünde hasaba alyndy.
Zenanlaryň arasyndaky finalda gazagystanly Ýelena Rybakina bilen belarusly Aryna Sabalenka duşuşdy. 2 sagat 21 minutda tamamlanan duşuşygyň 1-nji setinde Sabalenka 6:4 hasabynda üstün çykdy. 2-nji setde Rybakina 7:5 hasap bilen ýeňiş gazandy. 3-nji setde Rybakina has erjel oýun görkezip, 6:2 hasabynda garşydaşyny ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, 2:1 hasabynda ýeňiş gazanan Rybakina karýerasy boýunça “Amerika Açyk” tennis ýaryşynda ilkinji çempionlygyna mynasyp boldy. Rybakina çempionlyk kubogyny mundan 20 ýyl öň “Amerika Açykda” çempionlyk gazanan russiýaly meşhur tennisçi Mariýa Şarapowanyň elinden aldy.

Bu onuň Uly tuwulgalardaky 3-nji çempionlygy bolup, 27 ýaşyndaky tennisçi 2022-nji ýylda “Wimbledonda”, şu ýylyň başynda-da “Awstraliýa Açykda” ýeňiş gazanypdy. Ol 2023-nji ýylda “Awstraliýa Açygyň” finalynda Sabalenkadan asgyn gelipdi. Rybakina şu ýylyň başynda “Awstraliýa Açygyň” finalynda-da Sabalenkadan üstün çykypdy. Umumylykda, WTA-nyň ýaryşlaryndaky 14-nji kubogyny gazanan Rybakina täze sanawda 1-nji orna beýgeldi. Ol WTA-nyň sanawynda 1-nji orna beýgelen ilkinji gazagystanly tennisçi hökmünde hasaba alyndy. Rybakina tennisiň taryhynda bir ýylyň dowamynda sanawyň 1-nji belgili raketkaçysyny “Uly tuwulgalaryň” finalynda 2 gezek ýeňen 2-nji tennisçi bolup, ondan öň Şteffi Graf 1995-nji ýylda şeýle başarnyk görkezipdi. Şeýle-de, Rybakina bir ýylyň dowamynda hard kortdaky 2 ýaryşda-da çempionlyk gazanan 6-njy tennisçi boldy.
28 ýaşyndaky Sabalenka “Amerika Açykda” 2-nji, umumylykda “Uly tuwulgalarda” 5-nji gezek finalda ýeňildi. Onuň “Awstraliýa Açykda” 2 (2023, 2024) hem-de “Amerika Açykda” 2 (2024, 2025), jemi 4 “Uly tuwulga” çempionlygy bar. Sabalenka 99 hepdeden soň birinjiligi elden giderdi.
PDF








