NASA Ýer ýüzünde emele gelýän wulkan partlamalarynyň ýetirip biljek zyýanynyň öňüni almak üçin olary öňünden kesgitläp bilýän ulgamlaryň üstünde işleýär. Aerokosmos edarasy “Black Swift Technologies” atly şereket bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde kyn howa şertlerinde işleýän dronlary işläp taýýarlaýar. Bu dronlar dürli gazlary we uly sarsgynlary anyklamak üçin ulanylar. Gurlan ilkinji uçar Kosta-Rikada köp bakteriýany öz içine alýan wulkana gözegçilik etmek üçin synag edildi. Uçarmanlar gözüniň alnynda bolmasa-da uçuşyny dowam etdirip bilýän pilotsyz uçar, wulkanyň depesine çykyp, öňünden kesgitlenen uçuş meýilnamasy bilen awtopilot ulgamyny ulanyp termiki maglumatlary alyp biler. Adaty awtopilot ulgamy bilen işleýän bu tehnologiýa howply ýagdaý ýüze çykanda awtomatik usulda yzyna dolanýar. NASA we “Black Swift” bilen hyzmatdaşlykda işleýän alymlar bu tehnologiýanyň wulkanlaryň hereketine yzygiderli gözegçilik edip biljekdigini we ýüze çykyp biljek howp barada duýduryş berip biljekdigini aýdýarlar.