Awtoulag öndürijileri «Nissan», «Renault» we «Mitsubishi» 2030-njy ýyla çenli 35 sany elektroulagyň täze görnüşlerini öndürmek üçin ýakyn bäş ýylda 23 milliard ýewro bölüp berer. Bu barada frank-ýapon awtoulag bileleşiginiň başlygy Žan-Dominik Senar aýtdy. Meýilnamada batareýa tehnologiýalaryny öndürmek üçin çykdajylaryň ep-esli azaldylmagy, kuwwatynyň we zarýad beriş tizliginiň ýokarlanmagy bar.