Banksi lakamy bilen meşhurlyk gazanan iňlis suratkeşi tarapyndan döredilen kiçijik at ýatagy auksionda 1 million ýewrodan gymmada satyldy. Öýjagaz görnüşli ýatagy köçeden geçip barýan biri tötänleýin tapypdyr. Ol bu maketde Banksiniň goluny görüp, muzeýe tabşyrypdyr. Kiçijik görnüşde ýasalan bina Beýik Britaniýanyň Norfolk graflygyndaky Greýt-Ýarmut şäherindäki bir obada sergide görkezildi. Bu eser Nýukaslda ýerleşýän “Anderson & Gowland” auksion öýi tarapyndan auksiona çykaryldy. Täsin sungat eseri bary-ýogy iki minutyň dowamynda satyldy. Auksion öýüniň eýesi Françes Nýusom bu eseriň satylmagynyň pandemiýa sebäpli işleriniň azalan döwründe özleri üçin gowy bolandygyny, şeýle hem obanyň geljegi üçin hem peýdaly boljakdygyny aýdýar.