Pandemiýanyň ýüze çykmagy bilen öýden işlemek usulynyň ýaýbaňlandyrylmagy bilen dünýädäki käbir kompaniýalar öz işgärlerine islendik ýerden işlemek mümkinçiligini hödürleýärler. Köp ýurtda bolsa oba ýerlerinde ilatyň sany azalýar. Ispaniýa oba ilatynyň sanyny artdyrmak üçin täze taslamany taýýarlady. Obada ýaşamagy höweslendirýän bu taslama, esasan, uzakdan işlejekleri özüne çekmegi maksat edinýär. Oba göçjekler dürli ýeňillikden peýdalanar. Ondan peýdalanmak üçin azyndan bir ýyl obada ýaşamaly bolar. Soňra bu möhleti iki ýyl uzaldyp bolýar. Taslamanyň çäklerinde ýurduň dürli ýerlerinde 30-a golaý şäher we oba girýär. Bu ýerlerdäki ilatyň umumy sanawy 5000-den hem geçmeýär. Maksatnamanyň çäklerinde uzak aralykdan işlejek işçileri az ilatly şäherlere we obalara çagyryp, bu ýerlerdäki durmuşa janlandyrylmagy göz öňünde tutulýar.