Dubaýda (BAE) geçirilýän bütindünýä sergisine gelýänleriň sany 11 milliondan geçdi, şeýle hem, serginiň wakalaryna wirtual usulda tomaşa edenleriň sany 72,5 million adama etdi.
Sergini guraýjylar her gün ortaça 200 çäräniň geçirilýändigini bellediler. Bu çärelere gatnaşýan ýurtlaryň milli günleri, dürli ugurlardaky çykyşlar, forumlar, konsertler we sahna oýunlary girýär. Mundan başga-da, serginiň çäklerinde Durnukly ösüş maksatlaryna girýän garyplygy azaltmak, saglyk we bilim, howanyň üýtgemegi ýaly mowzuklar boýunça çekişmeler geçirildi. Global maksatlar hepdeliginiň sessiýasyna dünýäniň dürli künjeklerinden 767 müň adam gatnaşdy. Şeýle hem sergini guraýjylar maşgalalar we kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin Halkara gül festiwalyny geçirdiler.
«Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» şygary astynda geçirilýän bu sergide dünýäniň iň soňky innowasiýalary, ylmy açyşlary we pikirleri bilen tanşyp bolýar. Bu bolsa öz gezeginde, gowy geljege tarap utgaşdyrylan çäreleri meýilleşdirmäge ýardam berýär. Täze meýilnamalar üçin «ýol kartasy» boljak «EKSPO – 2020» sergisinde dürli guramalar, kärhanalar, bilim edaralary, şeýle-de millionlarça myhmanlar hem-de 200-den gowrak gatnaşyjy ýurtlar dünýäni kämilleşdirmek maksady bilen tagallalaryny birikdirýärler.
«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýen şygar astynda guralýan Türkmenistanyň milli pawilýony iň köp gelim-gidimli milli pawilýonlardan biridir. Bu ýerde guralýan tanyşdyryşlar, konsertler, şeýle hem milli aşhananyň nusgalary dünýäniň dürli künjeklerinden gelenleriň arasynda uly gyzyklanma döredýär. Ýurdumyzyň milli pawilýony ata Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, ýokary senagat we intellektual mümkinçiliklere eýe bolan ýurdumyz barada, döwletimiziň ösüşi, ygtybarlylygy hakynda anyk düşünjeleri ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir.
Mälim bolşy ýaly, BAE-niň Dubaý şäherinde 1-nji oktýabrda işe başlan «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisi 31-nji marta çenli dowam eder. Oňa dünýä döwletleriniň 190-dan gowragy, şol sanda Türkmenistan hem öz milli pawilýony bilen gatnaşýar. Türkmenistanyň pawilýony «Ykjamlyk» bölüminde ýerleşýär.