Hytaýyň çig nebit importyny 2022-nji ýylda 7 göterim artdyrjakdygy mälim edildi. Ýurduň bir günlük nebit importynyň 600-700 müň barrel artjakdygy habar berilýär. Geçen ýyl ýurduň nebit importy pandemiýa sebäpli azalan eken. FGE, “Rystad Energy” hem-de “Energy Aspects” maslahat beriş kompaniýalarynyň bilermenleri nebiti gaýtadan işleýän zawodlar üçin zerur bolan çig malyň satyn alynmagynyň, nebit ammarlarynyň gaýtadan doldurylmagynyň importy artdyrjakdygyny belleýärler. Geçen ýyl ýurduň nebit importy gündelik 590 müň barrel azalypdyr. Şeýlelikde, nebitiň importy 2020-nji ýyldaky gündelik 10,85 million barrele ýetmegi ýa-da ondan hem artyk bolmagy çaklanylýar.