Ilkinji we soňky gezek Dünýä Kubogyna 1978-nji ýylda gatnaşan Kanadanyň ýygyndysy 2-nji sapar wekilçilik etmegiň bosagasynda dur. Demirgazyk Amerika wekili KONKAKAF saýlama zolagynda oýnan soňky 3 duşuşygynda 2-0 hasaplar bilen ýeňiş gazandy. Olar ilki Gondurasy Maldonadonyň awtogoly (10) hem-de Jonatan Dewidiň (73), soňra güýçli garşydaşy ABŞ-ny Kaýl Lariniň (7) we Samuel Adekugbeniň (90+5) gollary bilen ýeňmegi başardy. 11 oýnuň netijesinde ýeňlişsiz barýan demirgazyklylar myhmançylykda Salwadoryň ýygyndysyny-da şol bir hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi. Gollary 66-njy minutda Hatçinson bilen Jonatan Dewid geçirdi. 25 utuk toplan kanadalylara ýene-de iki utuk hem ýeterlik. Ýeri gelende aýtsak, 3 duşuşykda 1 gezek tapawutlanan Kaýl Larin Kanadanyň iň köp gol geçiren futbolçysy diýen rekordyň täze eýesi boldy (23 gol).