Ýewropa Bileleşiginde geçen ýyl benzin ýangyçly ulaglaryň satuwy 17,8 göterim pese gaçypdyr. Satylan ulaglaryň 37,6 göterimini bolsa gibrid ulaglar emele getiripdir. Şeýlelikde, sebitde satylan gibrid ulaglaryň sany 3 million 646 müňden geçipdir. Bu barada Ýewropa Awtoulag Öndürijileri Bileleşigi habar berýär. Maglumatlara görä 2021-nji ýylda Ýewropa ýurtlarynda satylan ulaglaryň 40 göterimini benzin ýangyçly, 19,6 göterimini dizel ýangyçly, 19,6 göterimini gibrid ulaglar emele getiripdir. Müşderilere ýetirilen ulaglaryň 9,1 göterimi dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýär. Satylan ulaglaryň 8,9 göterimini zarýad berip bolýan gibrid ulaglar (PHEV) emele getiripdir. Ulaglaryň 2,3 göterimi beýleki alternatiw energiýa çeşmelerinden peýdalanýan bolsa, 0,4 göterimi tebigy gaz bilen işleýär.
Sebitde dizel ýangyçly ulaglaryň satuwy 2020-nji ýylda 2 million 776 müň 665 bolan bolsa, geçen ýyl bu görkeziji 31,5 göterim azalyp, 1 million 901 müň 191 bolupdyr.
Dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň satuwy 2020-nji ýylda 538 müň 734 bolupdyr. Bu görkeziji geçen ýyl 63,1 göterim artyp, 878 müň 432-ä ýetipdir.