Ilkinji metro 1863-nji ýylda Londonda peýda bolýar. Otlynyň ýeriň astyndan gidýän görnüşi bolan bu jemgyýetçilik ulagy geçen asyryň ortalarynda, dünýäniň iri şäherlerinde peýda bolup başlaýar. Köp şäherde metro ýollarynyň gurluşygy häzirki wagtda-da dowam edýär. Metrolar ýeriň astyndan gitmegi, aýratyn ýolunyň bolmagy we ýolyşykda ýaşyl çyranyň ýanmagyna garaşmaýandygy üçin ýolagçy gatnawynda iň gowy çözgütleriň biri hasaplanýar. Metro ýoluny gurmak şol şäheriň tebigy şertlerine bagly bolýar. Dürli sebäplere görä, metro ýollary has çuňlukda gurulýar. Bu makalamyzda dünýäniň iň çuň metrolarynyň sanawyny siziň dykgatyňyza ýetirýäris.
Puhyn, Phenýan
Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň (KHDR) paýtagtyndaky metronyň duralgalary binagärlik aýratynlygy we owadanlygy bilen tapawutlanýar. Paýtagt Phenýanda ýerleşýän Puhyn metro duralgasynyň çuňlugy 120 metre ýetýär. Bu duralga reňkli mermer paneller bilen örtülip, dünýäniň iň owadan 15 metro bekediniň hataryna girýär. Täsin ýeri bekediň temperaturasy hemişe 18 derejede saklanýar.
Arsenalnaýa, Kiýew
Kiýew metrosynyň Swýatoşinsko-Browarskaýa liniýasyndaky Arsenalnaýa duralgasy ýeriň aşagynda 105,5 metr çuňlukda ýerleşip, häzirki wagtda iň çuň metro beketleriniň biri hökmünde dünýädäki ornuny saklaýar. Ýolagçylar otlulara barmak üçin iki sany uzyn eskalatordan düşmeli bolýarlar. Ýeriň ýüzünde duralga ýetmek üçin bäş minut gerek bolýar. Duralga Kiýewiň geografik aýratynlygy sebäpli, gaty çuňlukda gurulmaly bolupdyr. Ak we gülgüne mermer bilen bezelen bu duralga 1960-njy ýylda açylypdyr.
Admiralteýskaýa, Sankt-Peterburg
Russiýa Federasiýasynyň demirgazyk paýtagty hasaplanýan Sankt-Peterburg şäheriniň içinden Newa derýasynyň birnäçe şahasy kesip geçýär. Bu şäherde saklanyp galan taryhy binalaryň sany hem az däl. Şeýle bolansoň, inženerler şäheriçi gatnawy aňsatlaşdyrmak üçin has çuň metro ýollaryny gurmaly bolupdyrlar. Şäherde hereket edýän metronyň alty duralgasy dünýäde iň çuň metro duralgalarynyň sanawyna girýär. 86 metrlik Admiralteýskaýa duralgasy dünýädäki iň çuň üçünji metro duralgasy hasaplanýar. Bu metro ulgamynda dünýäniň iň uzyn eskalatorlary bar, olaryň uzynlygy 130 metrden geçýär. 2011-nji ýylda açylan bu duralga harby-deňiz taslamasy boýunça dizaýn edilip, rus deňiz serkerdelerine bagyşlandy.
Ýeňiş seýilgähi, Moskwa
2003-nji ýylda hyzmata hödürlenen bu bekediň çuňlugy 84 metr bolup, harbylara bagyşlanyp bezelen diwarda 1812-nji we 1941-1945-nji ýyllardaky söweşler suratlandyrylypdyr. Ýeňiş seýilgähi duralgasy dünýädäki dördünji çuň metro bekedi hasaplanýar.
Waşington seýilgähi, Portlend
ABŞ-nyň Oregon ştatynyň Portlend şäherindäki bu beket 79 metr çuňlukda ýerleşýän hem bolsa, metronyň däl-de, tramwaýyň duralgasydyr. 1998-nji ýylda açylan bu beket Demirgazyk Amerikadaky iň çuň jemgyýetçilik ulagy duralgasy bolup, şäherdäki ýeke-täk ýerasty tramwaý duralgasy hasaplanýar.