Topragyň buz bilen bilelikde saklanýan doňan gatlagyna permafrost diýilýär. Doňan gatlaga permafrost diýilmegi üçin onuň iki ýyl we has köp wagtlap doňup duran bolmagy gerek. Permafrost gury ýerde bolşy ýaly deňziň ýüzünde hem bolup bilýär. Häzirki wagtda Ýer ýüzüniň 35 million inedördül metrini doňan gatlak eýeleýär. Amerikanyň demirgazygy, Ýewropanyň, Aziýanyň, Demirgazyk buzly ummanynyň adalary hem-de Antarktida permafrostyň ýaýran ýeri hasaplanýar. Permafrostyň çuňlugy 1000 metrden geçip bilýär. Ýakutiýadaky Wilýuý derýasynyň ýokarky kenaryndaky permafrostyň çuňlugy 1370 metre ýetýär. Permafrost Ýer ýüzüniň 25 göteriminden gowragyny tutýar. Russiýanyň meýdanynyň 60-65 göterimini permafrost eýeleýär. Gündogar Sibirde we Zabaýkalýede permafrost has giňden ýaýrandyr. Permafrost toprakda köp mukdarda organiki uglerod, ösümlik galyndylary we beýleki maddalar bolýar. Permafrostyň aşaky gatlaklarynda, esasan, minerallardan emele gelen toprak bolýar. Oňa işjeň däl toprak diýiliýär. Permafrostyň iň üstündäki topragyň doňmaýanlygy üçin oňa işjeň gatlak diýilýär. Bu gatlak tomsuň yssy aýlarynda ereýär we güýzde ýene doňýar. Şol wagt işjeň gatlagyň galyňlygy bary-ýogy 10-15 santimetr bolýar.
Ýer ýüzüniň demirgazygyndaky käbir obalar we hatda şäherler müňlerçe ýyldan bäri eremän duran buz gatlagynyň, ýagny permafrostyň üstünde gurlupdyr. Doňan toprakdaky organiki uglerod ýüzlerçe ýyllap, çüýremän saklanýar. Bu bolsa, irki döwürlerde şol sebitdäki ösümlik dünýäsi barada maglumat almaga ýardam edýär. Alymlar eredilen permafrostdan 400 müň ýyldan gowrak ozalky mikroblary tapdylar. Häzirki wagtda Ýer ýüzüniň käbir ýerlerinde permafrostyň ereýändigine gabat gelinýär. Bu ýagdaýa emeli hemralar arkaly kosmosdan gözegçilik edilýär.