Ýelizaweta II mirasdüşerini mälim etdi

157
epa07658034 Britain's Queen Elizabeth II (L) and Camilla, Duchess of Cornwall (R) arrive at day two of Royal Ascot, in Ascot, Britain 19 June 2019. Royal Ascot is Britain's most valuable horse race meeting and social event running from 18 to 22 June. EPA-EFE/NEIL HALL

Ýelizaweta II özünden soňra kimiň Şa zenany boljakdygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu barada Bukingem köşgünde monarhyň tagta çykmagynyň 70 ýyllygyna bagyşlanan dabarada mälim edildi.

Ol ogly şazada Çarlz tagta çykanyndan soň, onuň aýaly Kamillanyň Şa aýal-konsort boljakdygyny aýtdy. Şeýle hem, geljekki Şa zenanyň raýatlaryň arasynda goldaw tapjakdygyna umyt bildirdi.

Şeýle-de bolsa, Ýelizaweta II-niň uly ogly Şazada Çarlz gelejekde ýurduň ýokary derejeli döwlet ýolbaçysy bolar. Ondan başga-da, Şa zenanyň ýene üç çagasy bar: Şazada Anna, şazada Edward we şazada Endrýu. Britan tagtynyň nobatynda ikinji ýerde Çarlzyň ogly Şazada William bar. Onuň kiçi dogany Şazada Garri 2020-nji ýylda şa maşgalasynyň  agzasy bolmakdan ýüz öwrüp, ABŞ-a göçüp gitdi.