Iwan Bunin, rus ýazyjysy.

(Hekaýa)

Oglanjykkam maňa mydama Roždestwo baýramçylygy bilen bile bahar gelýän ýaly bolup görünýärdi. «Dekabr aýy – ine, bu gyş» diýip pikir edýärdim. Dekabrda howa köplenç gazaply, tutuk bolýar. Daň haýaljakdan atýar, şäher irden şatlama aýazly dumana gark bolýar, agaçlar benewşe reňkli galyň gyraw bilen örtülýär, Gün uzakly gün görünmeýär, diňe agşamara onuň yzlaryny görüp galýarsyň. Çünki günbatar tarapdan goýry duman içre gyzyl şapak uzak wagtlap öçügsi gyzaryp görünýär… Hawa, bu hakyky gyşdy!

Men baýramçylyk günlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýardym. Dekabryň aýagynda irden gimnaziýa howlugyp barýarkam, dükanlarda arçalary bezemek üçin taýynlanan ýüzlerçe ýalpyldawuk oýunjaklara, bezeglere gözüm düşýärdi. Bazarda baýramçylyga niýetlenen gök öwüsýän arçajyklar ýüklenen birgiden arabalarda nazarym eglenýärdi, et satylýan hatarlarda münderlenişip duran doň etleri, ütülen guşlary görüp, begene-begene öz ýanymdan şeýle diýýärdim:

– Ynha, indi baýramçylyk golaý geldi! Basym gyş tamamlanyp, ornuny bahara berer. Men tutuş iki hepdeläp oba giderin-de bahary şo ýerde garşylaryn.

Meniň göwnüme, baharyň gelşini diňe obada görüp boljak ýalydy. Diňe şol ýerde  hakyky açyk, güneşli günler bolýandyr öýdýärdim. Dogrudanam, şäherde biz Güni unudýarys, açyk asmany seýrek görýäris, galapyn jaýlaryň diwarlaryndaky owadan ýazgylary okamagy halaýarys-a.

Ahyrsoňy köpden bäri ýüregimde beslän şatlykly günüm hem gelip ýetdi. Agşamara birdenkä, biziň daşky jaýymyzdan jaňyň sesi eşidildi, men aldyrany bar ýaly ylgap bardym, ol ýerde ýenot derisinden tikilen uly possunly uzyn adam bilen tas çakyşypdym. Onuň egnindäki possunynyň ýakasam, kellesindäki gulakjynam gyrawlap gidendi.

– Kaka jan! – diýip, men begenjimden gygyrdym.

– Aýryl, aýryl, meniň bar ýerim buz ýaly ahyryn – diýip, kakam şadyýan dillendi. Hakykatdanam, kakamdan aýazyň, garyň, gyşyň ysy gelýärdi.

Men oba ertirki etjek syýahatym baradaky ganat baglan arzuwlarym bilen uka gidipdirin. Dogrudanam, bu gyzykly syýahat boljakdy!

Otly tekiz garly meýdanlykda süýnüp barýardy, wagonyň içi ir säheriň şuglasyna kemsiz ýagtylypdy. Burugsaýan topbak-topbak ak tüsse aýnanyň öňüne ýaýylýardy, soňra emaý bilen aşak düşüp, ýoluň gyrasyndaky garyň ýüzüne ýazylyp gidýärdi. Tüssäniň ýaýbaň burugsysynyň saýasy bolsa, wagona düşýärdi. Bularyň arasyndan Günüň ýagtylygy kä öçüşýän, käte-de täzeden göz gamaşdyrýan, gyrmyzy zolaklary bilen aýnadan kürsäp girýän ýalydy… Hatda wagondaky adamlaryň köplügem, daryşganlygam, galmagalam göwnüňi göterýärdi.

Ine-de, çola meýdandaky ýeke-täk tanyş demir ýol menzili. Otlynyň zenzelesinden soň, meýdany ümsümlik gurşap alypdyr. Gar arabanyň ardyna özüňi atyp, gözleriňi çalarak kölegeledeniňden soň, ýaňy yranyp ugraýaňam welin, üç at goşulan gar arabasyndaky jaňjagazyň niçiksi saýraýşy, arabanyň çarkandakly ýerlerde neneňsi jygyldaýşy, tyrkyldaýşy eşidilip ugraýar. Gar arabasyna ortadan goşulan at ýorgady, gapdaldaky hortaň atlar käwagt pyşgyryşyp, ýüzin salyp çapyp barýardylar, gar tozgalary arabanyň öňünden urýardy, arabanyň töwereginde paýtunçynyň uzyn gamçysy ýylan ýaly tiz-tizden towlam-towlam bolup gidýärdi. Gaňrylyp seredeniňde, ýol göýä diýersiň, arabanyň ýylmanak taýgyjynyň aşagyndan typyp düşüp, tekiz garlyk meýdan bilen yza gidýän ýalydy..

Soňra bolsa, gar basan ýaýlaň ugry bilen myçyp barýansyň!…

– Heziller ediniň! – diýip, arabakeş haýbatly haýkyryp, gamçysyny batly bulaýardy. Araba çarkandakly ýollary külterläp barýardy, jaňjagaz bolsa, sazlaşykly yraň atýan boýuntyrygyň astynda ýiti saýraýardy.

Şeýlelikde, eýýäm, gyşyň bir tutam güni paýawlap, günbatardan melewşe bulutlar göterilýärdi, Gün olara duwlanyp, asuda, gyş agşamlary aralaşýar. Göm-gök öwüsýän garlaryň üstüni gijeleriň aýazly dumany örtüpdir. Uzakda oňa garlyk ýol birigýär, meýdanda ümsümlik höküm sürýärdi. Diňe arabanyň taýgyjy garda çalaja jygyldaýardy, jaňjagaz pikire çümen ýaly, käwagt bir çala jyňňyrdaýardy: atlar gezerine barýardylar. Jikjikiler olaryň öňündäki ýoldan sessiz-üýnsüz uçup geçýärdiler. Ýygyrt-ýygyrt ýüzüni gyraw baglan bir erkek kişiniň arabasy çatryklaryň bir ýerinde biziň söbügimize mündi. Gorgunyna ýorgalap gelýän, ýeňsämde gyradeň dem alýan pessejik boýly atlaryň deminden ýyljajyk bug çykýardy.

– Üstümize basyp gelmäň, gelmäň, ahyryn – diýende, arabakeşimiziň sesi ümsüm meýdanyň içinde käýarym ýaňlanyp gidýärdi.

Ol erkek kişem bir zatlar diýip wagtal-wagtal heňkirýärdi, ýapgyt ýerlerden böküp düşüp, ýene-de gapdallap münüp, ýük arabasyna özüni atýardy.

Daş-töwerek barha garaňkyraýardy. Biz gijäniň bir wagty tanyş oba girdik. Daşary garaňkydy, ýöne asman ýyldyzlydy, ownuk ýyldyzlar, ýitiden gögümtil yşyklary birhili endireşip durdy, irileri bolsa, dürli reňkli daşlaryň öwşün atýan şöhlesi deý ýalkym saçýardy. Obanyň garalyp görünýän agaç öýleriniň kiçijik penjireleriniň ýek-tüki henizem gyzaryp durdy. Arassa, aýazly howada derwezäniň jygyldysydyr, itiň üýrüşi gaty ýaňlanýardy.

Ahyrsoňy ýagty hem ýyly öýjagazyň bosagasynda ýatan gar üýşmeklerine haýallyk bilen aýak basanymyzda, içki dünýämizi çuňňur hoşallyk we asudalyk gaplap aldy.

II

– Hany, onda bahar nirede? – diýip, soramagyňyz mümkin.

Ýogsa-da, biziň oba syýahatymyzyň şatlykly, güneşli gününiň bütin dowamynda baharyň ýakymly duýgusy kalbymyzy doldurmadymy? Eýsem, men çagalygyň ýene bir säherinde oýanyp, bahar duýgusyna beslenip gözümi açmadymmy?

Biziň köne jaýymyzyň uly otagyny ir bilen hemişe gögümtil öwüşginli ýagtylyk gaplaýardy. Bu görnüşi öýümiziň degre-daşyndaky baglyk emele getirýärdi. Aldajy aýaz penjireleriň aýnasyna boýdan-başa kümüşleç palma ýapraklaryň, sadappisint, keşdeli güljagazlaryň şekilini çekýärdi.

Men çaýdan öň uzakly gije aýazyň çeken suratlarynyň ählisini synlamak üçin otaglaryň baryna aýlanyp çykmaga ýetişdim, hatda lyžalaryň duran ýerine – samanhana-da girip çykdym.

– Kaka, men gidip, birsalym gezim etjek – diýip, çaýdan soňra dessine çekinjeňlik bilen soradym. Kakam çiňerilip seretdi-de, ýylgyryp durşuna:

– Baý, senem-aý, ýabany kişi ýaly bolup! Tüýs ýabany sen! Daşary heniz sowuk ahyryn, burnuňy sowuga aldyrarsyň-da – diýip, ýylgyryp jogap berdi.

– Men bary-ýogy bir minut…

– Beýle bolsa, bar, onda!

– Men ýabany, men ýabany – diýip, begenjimden bökjekläp gygyrdym-da, gyssanmaç şaýymy tutup ugradym.

Daşarda ýiti, çapgyn şemal bar zady özüne düýrläp alýardy. Şapak henizem bagyň aňyrsyndan gyzaryp görünýärdi. Gün özüniň al-gyrmyzy göwresini garly meýdanlaryň aňyrsyndan ýaňy asmana göteripdi, indi obanyň tutuş manzary demirgazyk säheriniň açyk, geň galdyryjy näzik, arassa reňkleri bilen şöhle saçýardy. Burugsaýan tüsseler al öwsüp görünýärdi hemem haýallyk bilen ak üçegiň depesinde dumly-duşa pytrap gidýärdi. Agaçlary kümüşsöw gyraw gurşap alypdy. Maňa geregi hem şoldy. Daş-töweregim aw itli, lyžada kelläňe çenli gara gömlüp bolýan ýere – sümme tokaýa tarap alňasadym.

– Men ýabany – diýip, bagyň astyndaky mymyjak garlaryň üsti bilen howdana ýetemsoň, itlere gygyrdym.

Gojaman söwütleriň üstünde, günortana çenli galyň, mymyjak gyraw saklanýar. Ony kakmak hem-de onuň sowuk per bilen öz roýuny neneňsi büreýşini duýmak, gör, nähili  hezildi! Şeýle-de, howdanda işçileriň buzda deşik deşişlerini hem-de gadalga bilen suwdan äpet buz harsaňlaryny çykaryşlaryny görmegem ýakymlydy. Olar dup-dury dag billurlarynyň gyraňlary kimin ýaşyldan gögümtil öwsüşip, Güne lowurdaýardylar. Günorta naharyna çenli güneşli Gün has-da güýjäp, basgançagyň üstündäki bassyrmadan damjalar damýardy. Olar oba ýaýlasynyň çarkandaklary düzlenen ýollarynda ýatan şirmaýy ýaly lowurdaýardylar.

«Bahar, bahar golaýlaýar!» diýip, Gün çogunyň astynda gözüňi kölegeledip, pikir edýärsiň. Uzakly gün öýe girmäge meýlem etmeýärsiň! Ähli zat gözüňi dokundyrýardy.

Howla aýlanyp çyksaň, ahyryň gapdalynda irkiljiräp ýatan, käte-käte myşlap uludan dem alýan sygyrlara gözüň düşýär, gyşyň gazabynda ýoňsuz horlanan ýabylaram aýlanyşyp ýörler, goýunlaram bir-birlerine gysylyşyp durlar. Harman jaýa barsaň, ýoluň ugrundaky akasiýalaryň şahalarynda serçeleriň neneňsi gowur turuzýandyklaryny, jürküldeýändiklerini eşidýärsiň, olaryň birdenkä bütin sürüsi bilen şowhun baryny edip asmana göterilişini, soňam harman jaýyň üçegine ýagyş kimin dökülişlerini görýärsiň  – bularyň ählisi göwnüňi göterýär. Harman jaýyň üstündäki galyň gara bürenen küdeleriň, sypal seňňerleriniň ümsümligi aýratyn mazaly. Güneşiň astynda garyň, syçanlaryň ýiti ysy kükeýän sypal küdesinde gyşaraýmagam juda ýakymly!

Meniň bütin baýramçylygym güneşli günleriň özüne çekiji güýji, owsuny, golaý gelen bahar baradaky röwşen arzuw-hyýallarym bilen geçdi. Günüň nuruna ýagtylanan ýerde oturýarsyň-da, alyslardaky garly meýdanlaryň ýalpyldap duran mäkäm sürçekleriň gat-gat dury billurlarynyň altyn öwüşgünlerine nazar aýlap, lezzet alýarsyň.

III

– Bolýar, seret-dä, içiňi gysdyrma – diýip, kakam ýene-de ýol şaýymy tutup, meni şähere ugradanda aýtdy.

– Ýöne sen häzir baharyň nädip gelşini görüp bilmersiň. Ýene-de iki aý töweregi wagtdan hemme kişiniň arzylaýan bahary, ondan soňam jöwzaly tomus geler. Şonda gelseň-ä saňa taýçanagam sowgat ederin, bedene awlamaga bileje atly gideris.

Maňa dogduk depämizdäki öýümizi taşlap gitmek aňsat däldi, ýöne, kakam bilen doly ylalaşdym: indi bahar ýakyn wagtda geler!

– Kaka, hakykatdanam baharyň ysy gelýär, dogry dälmi? – diýip, ir bilen gar araba münüp, düýnki syrgynda emele gelen galyň garyň üsti bilen ýola düşenimizde aýtdym. Täze gar ysy gatyşykly tämiz howadan nebsewürlik bilen dem alyp barýarkak:

– Sen bahary gowy görýäňmi? – diýip, kakam ýylgyrdy.

– Gowy görýän, kaka, biçak gowy görýän.

– Obanam gowy görýäňmi?

– Dagy näme…

– Munyň bolýar – diýip, kakam sözüniň üstüni ýetirdi:

– Ulalaňsoň adamyň hökman tebigata golaý ýaşamalydygyna, mähriban ýerlerini, howany, Güni, asmany  söýmelidigine düşünersiň. Hamana, obada ýaşamak içgysgynç diýilýän gürrüňler bolsa, dürs däldir. Obada mätäçlik köp – ine, bu dogry, diýmek bu mätäçligiň az bolmagy üçin oba adamlaryna ýardam etmeli, olar bilen zähmet çekmeli. Onsoň obada hem oňat ýaşamak mümkin bolar.

«Kakam hakykaty aýdýar, dogry!» diýip, öz ýanymdan pikir etdim. «Şäherde bolsa, hatda baharyň gelendiginem duýmak ýeňil däl. Bu ýerde bolsa, ähli zat aýdyň. Hanha, buzlaryň doňy çözülip ugrady».

Biz derýanyň üsti bilen uly obanyň içinden geçip barýan mahalymyz oba durmuşyna göz aýlamaga alňasaýardym.

Daş-töwerekde agaç öýler gar üýşmekleriniň arasynda garalyp görünýärdi, ýöne basym gar syrgynlary pagyş-para bolup, eräp giderler. Şonda bu oba öýlerem arassaja, göze ýakymlyja görner.

Hawa, häzir olarda, aýratynam, barly maşgalalaryň ýaşaýan kerpiç jaýlarynda şatlyk-şagalaň höküm sürýär. Biz atlary iýmlemek üçin kerpiç jaýyň deňinde saklananymyzda, meniň oňa nähili göwünjeň girendigimi bir bilsediňiz!…

Gurply daýhanlaryň kerpiç jaýlary hemişe yzgarly bolup, ýyly howasyny gögümtil duman gaplap alýar. Ýerde çyg sypal bolsa-da, çöregiň lezzetli ysy hemişe burnuňa urýar, bu ýer köp adamly bolup, her kim bir iş bilen başagaý: biri kirişli saz guraly bilen bir zatlar çalýardy, onuň  mymyjak ak “tolkuny” ýokary göterilýärdi, kimdir biri bolsa, aşa dogumlylyk bilen derä çümdürilen mumly sapagy dürli tarapa çekip, boýuntyryk bejerýärdi. Ýeňsiz gursakçasyna temen dürtülen, boýnundan sapak sargylary asylan köpi gören tikinçi bolsa, warsaky gürrüňleri bilen hemmäni güldürýärdi.

Ol at şekilli oturgyjynda, bükülip, bir dyzyny eňegine diräp oturşyna ýalaňaç aýagynyň başam barmagy bilen begresiň ýa-da eýlenen goýun derisiniň bir gyrasyny saklamagam başarýardy. Sesini kesmän geplese-de, ol çyny bilen işleýärdi. Şol birwagtyň özünde-de maňlaýyna düşýän saçlaryny silkip, temenini sapyp oturyşyna şadyýandan, akylly gözlerini süzýärdi, pikire çümüp, ýylgyrýardy. Bar kişi oňa dostlukly garaýardylar. Ony öz ýakyny hasaplaýardylar, hatda ol agşamlaryna çagalary gujagyna alyp enekeligem edýärdi. Çagalara sakgalyny penjelemäge-de ygtyýar berýärdi. Käte dişlerini syrtardyp, çagalaryň eljagazlaryny çalaja dişlän bolýardy. Tolgunma bilen oýun-henege garaşýan çagajyklar şatlanyp gygyryşýardylar, jykyr-jykyr gülüşýärdiler.

Men onuň beýle hereketlerini ençeme gezek synlapdym. Indi oňa uly höwes bilen seredýärin. Ýöne wagtymyz boldy. Biz bu öýüň hojaýyny bilen hoşlaşyp, daş çykdyk. Bizi ugradýan hojaýyn bosagada başy papakly, ýöne ýeke köýnekçeli durşuna, maňa ýylgyryp seretdi-de:

– Onda näme, begzada, diýmek, indi sen bahara çenli şäherde bolarsyň-a – diýdi.

– Bahara çenli… hawa, baharam tizara geler ahyryn, daýy! – diýdim.

– Elbetde! – diýip, daýhan ylalaşdy.

Biz ýene-de obanyň agaç öýleriniň deňindäki oglanjyklaryň buzda typyşyp oýnaýan depejikleriniň, beýik söwüt agaçlarynyň şahalarynda garga höwürtgesiniň yraň atyp duran ýaýlasynyň içi bilen gidip barýarys. Buz oýtagynyň gyrasyndaky tümmegiň töwereginde daýhan aýallar çalasynlyk bilen sowuk suwa geýim-gejimleri çyrpýardylar hem-de çasly gepleşýärdiler.

Ine, obanyň çetine-de gelip ýetdik. Öňde diňe mymyjak gar örten meýdan ýatyr. Bir gijede oý ýerler galyň gar bilen basyrylypdyr. Meýdanda ýene-de şemal köwsarlap, atlaryň ýallaryny, guýruklaryny ykjadýardy. Ýol köteldi, beýle ýagdaýda ýol sökmek aňsat düşmeýärdi. Atlar göýä ýeliň, giň meýdanlaryň täsinliginiň hatyrasyna bizi tizräk öňe äkitmäge höwesek ýalydylar. Galyň bulut asmany tutupdy, uzaklarda bolsa, tokaý garalyp görünýärdi.

«Maýyl günler başlady» diýip, öz ýanymdan pikir öwürdim.

Bu giden meýdandaky pellerde öten ýylky ýowşanlar gamgyn yraň atýarka, indi bu bulutlaşyk günleriň näçe wagta çekjekdigi göz öňüňe gelýär. Ýöne her niçik-de bolsa, bahar golaý geldi! Çapgyn şemal basym ýylar, mart aýy gelende bolsa, ol tebigaty gyş ukusyndan oýaryp, bahar güneşiniň çogunda gaýyň tokaýlygynyň içi bilen şowhunly hem şadyýan öwsüp, ýüz-gözümizi sypalap geçer. Soňra bolsa, joşup akýan suwlar jaryň ugrunda lummurdap başlar. Uzak günortadan guşlar uçup geler, meýdanlaram al-ýaşyl öwser… Meýdan gör, nähili hezil bolar!

Terjime eden Ýegenmämmet Taýlyýew.

“Zaman-Türkmenistan”.