4-nji fewralda türkmen wekiliýetiniň agzalary milli Liderimiziň tabşyrmagy boýunça Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde hytaýly kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdiler. Şolaryň dowamynda soňky ýyllarda taraplaryň özara tagallalary netijesinde strategik hyzmatdaşlyk derejesine eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Pekinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, HHR-iň daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, häzir özara bähbitli hyzmatdaşlyk örän giň ugurlary gurşap alýar hem-de ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda hem — abraýly halkara guramalaryň çäklerinde, şeýle hem “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşinde-de yzygiderli ösüş depginlerini görkezýär.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda ozal gazanylan ylalaşyklary mundan beýläk-de durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly oňyn pikir alyşmalar boldy. Taraplar ýola goýlan netijeli türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, daşary syýasat edaralarynyň derejesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli geçirmek işini dowam etmäge özara taýýardyklaryny beýan etdiler.
Iki ýurduň daşary işler ministrleri özara gyzyklanma döredýän halkara we sebit gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.