Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew dostlukly ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri bilen bolan duşuşygyň çäklerinde saglygy goramak babatda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
Hytaýly hyzmatdaşlar milli Liderimiziň öňe sürýän, şol sanda lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça möhüm başlangyçlaryna ýokary baha berip, saglygy goraýşyň dürli ugurlary boýunça ýola goýlan bilelikdäki işleri mundan beýläk-de dowam etmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.
Dünýäni gurşap alan howply koronawirus ýokanjyna garşy umumy göreş ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Taraplar COVID-19 pandemiýasyna garşy hereket etmekde toplanan oňyn tejribäni paýlaşyp, mundan beýläk-de lukmançylyk ulgamynda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.
Türkmen wekiliýetiniň agzalary tehnologik taýdan ýokary derejede enjamlaşdyrylan «Tiz kömek» awtoulaglary bilen aýratyn gyzyklanyp tanyşdylar, ähli zerur şertler göz öňünde tutulan şol awtoulaglarda tizleşdirilen ýagdaýda PZR-testleri geçirmek hem göz öňünde tutulypdyr.