Ýanwar aýynda ABŞ-da ýarym milliona golaý iş orny peýda boldy. Bu COVID-19-yň Omikron görnüşiniň ýaýramagy sebäpli dekabr aýynda az ösüş gazanylmagyna garaşýan analitikler üçin geň galdyryjy habar boldy.
ABŞ-nyň Zähmet ministrligi aýlyk hasabatynda geçen aý 467 müň iş ýeriniň döredilip, munuň ykdysatçylaryň garaşyşyndan has köpdügini habar berdi.
Prezident Jozef Baýden anna güni eden çykyşynda COVID-19-yň ýurduň ykdysadyýetine düýpli täsir edendigine garamazdan, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ykdysady işjeňliginiň täzeden başlandygyny aýtdy. – Amerikan iş maşyny öňküsinden has güýçli işleýär – diýip, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden aýtdy.
Ministrligiň hasabatynda 2020-nji ýylyň aprel aýyndan bäri tutuş ýurt boýunça iş orunlarynyň 19,1 million artandygy, emma 2020-nji ýylyň fewral aýy bilen deňeşdirilende, henizem 3 million töweregi azdygy habar berilýär.
Şeýle hem hasabatda syýahatçylyk pudagynda geçen aý 151 müň iş ornunyň döredilendigi aýdylýar. Professional we işewür hyzmatlarynda ýene-de 86 müň iş orny, bölekleýin satuw pudagynda bolsa ýene-de 61 müň täze iş orny döredilendigi habar berilýär.