Dünýäniň iň meşhur internet brauzerlerinden biri bolan “Google Chrome” 8 ýyldan soň logotipini täzelemegi karar etdi. Bu 2014-nji ýylda logotipi soňky gezek üýtgeden “Chrome” üçin möhüm ädim ýaly bolup görünse-de, ony ünsli bolmasaň saýgarmak aňsat däl. “Google Chrome”-iň dizaýneri Elwin Huwuň pikiriçe, bu “inçe” üýtgeşmeler aslynda başga bir zady aňladýar. Hu logodan kölegäni aýyrmak we has döwrebap marka aňlatmalaryna laýyk reňkleri öwürmek arkaly esasy marka nyşanyny ýönekeýleşdirendiklerini aýdýar. “Chrome” -yň täze logosynyň dizaýny operasiýa ulgamlary üçin düzülendir. Şeýle hem Hu dizaýn toparynyň her reňkiň arasynda araçäk bolup hyzmat edýän ak çyzyk goýlandygyny, ýöne umumy nyşanyň kiçeldilendigini aýtdy.