Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) Daşkent şäheriniň mähellelerini – özbek paýtagtynyň taryhy kwartallaryny medeni mirasyň sanawyna girizdi. Bu barada Özbegistanyň Sungat we medeniýet gaznasynyň başlygynyň orunbasary Saida Mirziýoýewa habar berdi.
“Daşkent şäheriniň mähelleleriniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň deslapky sanawyna girizilmegi dünýä derejesindäki taryhy waka” diýip, ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri mälim edýär.
Mähelleler musulman ýurtlaryndaky şäherleriň bir bölegidir. Daşkentdäki mähelleler, bu ýurduň öňden gelýän ýaşaýyş jaý gurluşyk ösüşiniň bir bölegi bolup, medeniýeti we däp-dessurlary gorap saklaýan desgalardyr.
Häzir Özbegistanyň dört sany medeni desgasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 1990-njy ýylda Içan-Kala galasy, 1993-nji ýylda Buhara şäheriniň taryhy merkezi, 2000-nji ýylda Şahrisabz şäheriniň taryhy merkezi, 2001-nji ýylda medeniýetleriň çatrygy hökmünde Samarkant we 2016-njy ýylda Günbatar Týan Şanyň tebigy mekany ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi.