13-nji fewralda Germaniýanyň Bundestagynyň umumy mejlisinde döwlet baştutany saýlanar. Mundan ozal, häzirki federal Prezident Frank-Walter Ştaýnmaýer ikinji möhlete dalaş etmek isleýändigini mälim edipdi. Birnäçe alternatiw dalaşgärler hödürlense-de, parlament partiýalarynyň aglabasy Ştaýnmaýeriň bu wezipä gaýtadan saýlanmagyny goldaýar. Bu syýasy çärede “Ýolyşyk” bileleşigi tarapyndan goldanýan Frank-Walter Ştaýnmaýerden başga-da, çepçiler tarapyndan teklip edilýän Gerhard Trabert, HDS tarapyndan teklip edilýän Maks Ottes we “Erkin saýlawçylar” tarapyndan teklip edilýän Stefani Gebauer öňe saýlanýarlar. Däp boýunça ýurduň federal Prezidenti saýlawlar üçin ýörite maslahata ýygnanýan Federal mejlis tarapyndan saýlanýar. Federal Prezidentiň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyl.
66 ýaşly Frank-Walter Ştaýnmaýer, 2017-nji ýylda Ýoahim Gaukyň ýerine Prezident bolupdy. Germaniýada Prezident, iň ýokary döwlet işgäri hökmünde, esasan, wekilçilikli wezipeleri ýerine ýetirýär.