“Samsung” kompaniýasy köp wagtdan bäri garaşylýan “Galaxy S22” seriýasyna degişli mobil enjamlaryny tanyşdyrdy. Bilermenler täze telefonlaryň dizaýnyna we tehniki aýratynlyklaryna ýokary baha berdiler.

“Galaxy Unpacked” atly çärede “Galaxy Ultra”, “Galaxy S22” we “Galaxy S22+” smartfonlary görkezildi.

Dizaýny babatda tapawutlanýan “S22 Ultra” mundan ozal önümçiligi  ýatyrylan “Galaxy Note” seriýasynyň ornuny tutar. Şol sebäpli smartfonda “S Pen” galamy göz öňünde tutulypdyr. Bu galam “S22” we “S22+”-da ýok.

“Galaxy S22 Ultra”-nyň dizaýny “Galaxy Note”-lara meňzeýär. Telefonda egri ekran we “S Pen” goýmak üçin ýörite ýer göz öňünde tutulypdyr. Emma telefonyň dizaýn babatdaky esasy tapawudy kameralarynyň ýerleşişidir. Bu dizaýn mundan ozalky käbir “Galaxy” telefonlarynda hem bardy. Smartfonda kamera linzalary çykgytsyz ýerleşdirilipdir.

Ekran:

“Samsung Galaxy S22 Ultra”-nyň  egri ekranynyň ululygy 6,8 dýuým bolup, 120 Hz täzenlemegi hödürleýär. 2K durulygyndaky ekran “Corning Gorilla Glass Victus+” gorag standarty bilen üpjün edilipdir. Telefonyň öň tarapyndaky deşijekde ýerleşdirilen selfi kamerasynyň durulygy 40 megapiksele deň. Telefonda barmagyň yzyny okaýan sensor ekranyň ýüzüne ýerleşdirilipdir.

Güýji:

Smartfonda “Snapdragon 8 Gen 1” mikroprosessor oturdylypdyr. Bu prosessory geçen ýylyň dekabrynda “Qualcomm” kompaniýasy tanyşdyrypdy. Telefonyň batareýasy 5.000 mAh güýjünde işleýär. Şeýle hem oňa gysga wagtda zarýad berip bolýar. Telefon ýokary derejede işläninde gyzmagynyň öňüni almak üçin inçe, uzyn ýörite sowadyjy ulgam göz öňünde tutulypdyr.

Kamera:

Telefonyň kamerasynyň durulygy 108 megapiksel. Şeýle hem 12 MP durulygynda ultragiň sensor bilen 10 MP durulygynda iki sany  goşmaça kamerasy bar. Telefoto kamerasy bolsa, şekilleri 10x ýakynlaşdyrmaga ýardam edýär. Smartfonyň iň ýokary görnüşlisiniň RAM-y 12 GB, hemişelik ýady 1 TB. Bu telefon 1 599 dollardan satuwa hödürlener. 8 GB RAM +128 GB görnüşlisi 1 199 dollardan satylar.