Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen sebitde ýarymgeçiriji önümçiligini artdyrmak isleýändiklerini mälim etdi. Munuň üçin ýörite kanun taslamasy taýýarlanypdyr. Täze düzgüne laýyklykda Ýewropa ýurtlarynda çip önümçiligini artdyrmak maksat edinilýär. Fon der Lýaýen çiplere bolan global islegiň çalt depginde ýokarlanýandygyna ünsi çekip, olaryň häzirki wagtda tehnologiýa bäsdeşliginiň merkezinde uly orun alýandygyny belledi. 2030-njy ýyla çenli global çip önümçiliginiň 20 göteriminiň Ýewropa ýurtlarynda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Şol wagta çenli çiplere bolan isleg iki esse ýokarlanar. Fon der Lýaýen bu görkezijiniň häzirki wagtda 9 göterim töweregidigini belledi.
Täze kanuna görä 2030-njy ýyla çenli 15 milliard ýewrolyk goşmaça maýa goýum özleşdiriler.
Häzirki wagtda çip önümçiliginde «Intel», «Samsung» we TSMC kompaniýalary öňdeligi eýeleýär.
Agakerwen TEKÄÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.