8-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Garaşsyz döwletimizi ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek we ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk pudagynda möwsümleýin işleri ýokary derejede geçirmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Abdrahmanowy göni aragatnaşyga çagyrdy.
Wise-premýer nebitgaz toplumynda işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty netijesinde bu ulgamda uly öňegidişlikleriň gazanylandygy barada aýtdy. Milli Liderimiziň yzygiderli tagallalary arkaly pudagy mundan beýläk-de depginli ösdürmek maksady bilen, maýa goýumlaryň gönükdirilýändigi aýratyn nygtaldy.
Hasabatyň çäklerinde dünýäniň birnäçe döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilýändigi, türkmen tebigy gazynyň dünýä bazarlaryna iberilýän möçberini artdyrmak, halkara gaz geçirijileriň ugurlaryny giňeltmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli düzümleriň utgaşykly işiniň ýola goýlandygy barada habar berildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, önümçiligiň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň we sanly ulgama geçirilmeginiň Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatyny artdyrmagyň wajyp strategiýasy bolup durýandygyny belledi. Ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly barýan ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösüşinde ýangyç-energetika toplumyna möhüm orun degişlidir. Şoňa görä-de, döwletimiz bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek üçin maýa goýumlaryny yzygiderli gönükdirer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz ýakynda «Türkmengaz» döwlet konsernine we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna maýa goýum serişdeleriniň bölünip berlendigini nygtap, pudaga ýene-de maýa goýmak kararyna gelendigini habar berip, «Türkmennebit» döwlet konsernine 250 million manatdan gowrak möçberde maýa goýumyny gönükdirmek baradaky Karara gol çekýändigini aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny dowam edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewi çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, ylmyň dürli ugurlarynda ýaş alymlary taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berip, zehinli ýaşlarymyzy aspirantura we doktorantura kabul etmek baradaky resminamany döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylmyň hem-de bilimiň biziň üstünliklerimiziňdir ösüşimiziň binýady bolup durýandygyny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerimli maksatnamalaryň we meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz innowasiýalary hem-de täze tehnologiýalary ulanmak bilen, ýurdumyzda öňdebaryjy tejribelere we ylmyň gazananlaryna daýanylýandygyny nygtady. Olary halk hojalyk toplumynyň pudaklaryna yzygiderli ornaşdyryp hem-de ykdysady, syýasy, medeni we bilim mümkinçiliklerini ýokarlandyryp, biz ata Watanymyzy yzygiderli ösüş ýoly bilen öňe alyp barýarys, şoňa görä-de, biziň zehinli ýaşlarymyzyň okamagy, ylmy mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagy örän möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz bu işleriň ähmiýeti barada nygtap, degişli Buýruga gol çekdi hem-de bu resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, onuň doly amala aşyrylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ýakynda XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň amala aşyrylandygyny belledi. Milli Liderimiz iş saparyndan gaýdyp gelen Hökümet agzalarynyň Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň Düzgünnamasyna laýyklykda, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek üçin hökmany karantinde bolandygyny hem-de onuň netijeleriniň kada laýyk gelýändigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygynyň orunbasary, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadylandygyny aýtdy hem-de degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere iberdi.
Hormatly Prezidentimiz bu baradaky sözüni dowam edip, ýurdumyzda öňüni alyş arassaçylyk çärelerini geçirmegi we bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy dowam etmegiň maksadalaýykdygyny belläp, halkymyzyň saglygynyň döwlet syýasatymyzyň möhüm ileri tutulýan ugry bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda bellenen wezipeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini, şonuň ýaly-da, saglygy goraýyş ulgamyna degişli zerur hasaplanylýan desgalary gurmagy dowam etmegiň wajypdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda Halkara pediatriýa merkezini we paýtagtymyzda ýene-de bir Stomatologiýa merkezini gurmagyň maksadalaýykdygy barada aýtdy hem-de wise-premýere bu meseleleri düýpli öwrenmegi tabşyrdy.
Wise-premýer Hytaý Halk Respublikasyna bolan iş saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça koronawirus ýokanjyna garşy Hytaýdan 5 million sany waksinanyň iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň nyşany hökmünde berlendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bu işleriň halkymyzyň saglygyny goramakda, ýokanç keselleriň aralaşmagynyň öňüni almakda möhüm çäreleriň biridigi nygtaldy.
Soňra döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowy göni aragatnaşyga çagyrdy.
Wise-premýer Garaşsyzlyk ýyllarynda dokma senagatynyň uly binýadynyň döredilendigini, şonuň esasynda bolsa häzirki wagtda bu pudagyň işiniň ýokary derejede ösüş ýoluna düşendigini aýtdy. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bina edilen zawod-fabrikler bu gün dokma toplumynyň esasyny emele getirýär. Pudagyň önümçilik kärhanalaryna häzirki zamanyň iň kämil tehnologik enjamlary ornaşdyrylýar hem-de sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýar. Döwrebap tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, işine ussat, kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagyna uly üns berilýär. Olaryň yhlasly işleri netijesinde ýokary hilli taýýar önümler öndürilýär.
Wise-premýer Türkmenistanda dokma senagatynyň ýokary tehnologiýaly kärhanalarynyň hatarynyň barha artýandygy barada aýdyp, bu ugurda täze toplumlaryň, şol sanda geçen ýyl milli Liderimiziň tagallalary netijesinde Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda gurlup, işe girizilen döwrebap dokma toplumlarynyň üstünlikli işledilýändigini, şolarda çykarylýan ýokary hilli önümleriň görnüşleriniň köpelýändigini belledi. Döwrebap dokma toplumlarynda ýokary hilli önümler, şol sanda dürli görnüşli matalar dokalyp, taýýar tikin önümleri öndürilýär. Ekologiýa taýdan arassa bu önümler içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar. Bu gün ýurdumyzyň dokma toplumlarynda dürli haryt nyşanlary bilen giňden tanalýan önümler öndürilýär.
Wise-premýer Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň binasyny gurmak hakyndaky Kararyň taslamasyny milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňdebaryjy tehnologiýalary, ýurdumyzyň we dünýäniň iň gowy tejribesini ulanmagyň hasabyna dokma senagatynyň çalt depginler bilen ösdürilmegi netijesinde, Diýarymyzyň dokma önümleriniň diňe bir içerki bazarlarda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýandygyny nygtady.
Milli Liderimiz dokma önümlerini öndürijileriň hem-de türkmen dizaýnerleriniň içerki bazaryň isleglerini öwrenmek we ilatyň möwsümleýin isleglerinden ugur almak bilen alyp barýan işleriniň üstünliklere beslenýändigini, bu işleriň halkymyzyň medeniýetini ýokarlandyrmakda hem ähmiýetli orny eýeleýändigini, munuň bolsa ildeşlerimiziň göwnüni galkyndyrýandygyny belledi. Şoňa görä-de, häzirki wagtda watandaşlarymyzyň medeni we ruhy taýdan galkynýan döwründe bu ugurda sungat ussatlarynyň mynasyp eserleri döretmegi üçin Watanymyzda hemme şertler üpjün edilýär. Pudaklaryň, şol sanda dokma pudagynyň döredijilik toparlary joşgunly çykyşlary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünlikleri wasp edip, halkymyzyň ruhubelentligini artdyrýar. Şunda medeni merkezleriň ýerine ýetirýän işleri möhüm orun eýeleýär. Biz bu ugurda alyp barýan işlerimizi mundan beýläk-de dowam etmelidiris diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminamany makullady hem-de «Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň binasyny gurmak hakyndaky» Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi.
Wise-premýer ähli dokmaçylaryň, şol sanda pudagyň aýdym-saz we tans döredijilik toparynyň adyndan «Dokmaçylar» medeni merkeziniň binasyny gurmak hakyndaky» Karara gol çekendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu resminamanyň dokma toplumynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirip, geljekde has-da belent sepgitlere ýetmäge uly itergi berjekdigini aýtdy hem-de milli Liderimize berk jan saglyk we uzak ömür arzuw etdi.
Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty welaýatlaryň häkimleriniň hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň gatnaşmagynda dowam etdi.
Welaýatlaryň häkimleri Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görmek, ony guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Şeýle hem obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin çäreler barada hasabat berildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän düzümlerinde ýerine ýetirilýän işleriň netijeleri, häzirki wagtda welaýatlarda alnyp barylýan meýdan işleri, şeýle hem ýurdumyzyň oba hojalygyny toplumlaýyn esasda ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan özgertmeler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň wajypdygyny belledi. Oba hojalyk pudagyny ösdürmekde ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleriň netijeli peýdalanylmagyna, obasenagat toplumyna öňdebaryjy sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.
Milli Liderimiz ýer eýelerine goldaw bermek we oba hojalygyny ösdürmek boýunça mundan beýläk-de maksatnamalaýyn işleriň amala aşyryljakdygyny belläp, bu ugurda ýene sanlyja günden geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde kabul etmek göz öňünde tutulýan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem möhüm wezipeleriň ileri tutulýandygyny nygtady.
Şoňa görä-de, geljek 30 ýyla niýetlenen bu Maksatnamanyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda hiç bir zat ünsden düşürilmeli däldir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini hemmetaraplaýyn guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek boýunça birnäçe degişli tabşyryklary berdi.